Iň täze habarlar

Halkara baha beriş agentligi Türkmenistanyň ösüşine oňyn baha berdi

04.02.2024 | 14:08 |
 Halkara baha beriş agentligi Türkmenistanyň ösüşine oňyn baha berdi

Halkara “Fitch Ratings” baha beriş agentligi Türkmenistanyň daşary ýurt pulundaky bergilerini üzüp biljek uzak möhletleýin derejesine “B+” ýa-da “Oňyn” görkeziji berdi.

Bellenişi ýaly, bu reýting derejesi iň ýokary özygtyýarly sap daşary ýurt aktiwleri (SNFA) / JIÖ we iň pes hökümet karzy, "B" deňdeş toparyndaky iň pes döwlet karzy bolan Türkmenistanyň iň güýçli özygtyýarlylyk balansy tarapyndan goldanýar. Bu balans dünýäde dördünji iň uly gaz gorlarynyň eksportynyň hasabyna üpjün edilýär. Hünärmenleriň çaklamalaryna görä ýurduň daşarky maliýe ýagdaýlary gowulanar: 2023-nji ýylda SNFA-nyň paýy jemi içerki önümiň 51,5% -e çenli ýokarlanmagy bilen, B kategoriýasynyň ortaça möçberinden hem minus 22.5% dereje boldy. "Likwidligiň görkezijileri hem gowulaşdy we 2025-nji ýyla çenli daşarky bergi hyzmatlarynyň häzirki daşarky girdejileriň 9% -inden, 2021-nji ýyldaky derejesinden 14,8% pes we häzirki deňdeş toparyň ortaça 18,8% galar diýlip çaklanylýar.

Şeýle hem, halkara agentlik hökümetiň halkara gatnaşygyny güýçlendirendigini we BSG-e goşulmak meselesinde öňegidişlik edendigini belleýär.

2023-nji ýylyň fewral aýynda “Fitch Ratings” Türkmenistanyň uzak möhletli daşary ýurt walýutasynyň emitentiniň bahasyny “Durnuklydan” “Oňyn” derejesine üýtgetdi we “B+” derejesinde tassyklady.

“B +” derejesi ýurduň ösüşiň pozitiw derejesinde durýandygyny we möhüm tebigy baýlyklar bilen berk balans görkezýändigini aňladýar. Jemgyýetçilik reýtingi, bir ýurda maýa goýmak mümkinçiligine garaşsyz baha bermek isleýänler bilen birlikde banklar we beýleki guramalar tarapyndan ulanylýar.

Mundan ozal, Türkmenistanyň Daşary ykdsady iş bankynyň “Fitch Ratings” baha beriş agentligi bilen hyzmatdaşlygy giňeltjekdigini habar beripdik.

ORIENT news

Foto: bloomberg.com

Şeýle hem okaň: