Iň täze habarlar

Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymgulynyň döredijiligine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

20.12.2023 | 21:19 |
 Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymgulynyň döredijiligine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi. Gibrid görnüşinde geçen çärä Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahata ýygnananlaryň öňünde Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, şeýle-de ýurduň ýokary diplomatik okuw mekdebiniň wekilleri gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Halkara maslahatda şeýle hem Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary çykyş etdiler.

Çykyşlarda umumadamzat ähmiýetli gymmatyklary döretmekde Magtymgulynyň goşan goşandy, onuň poeziýasynyň dil aýratynlyklary, şol sanda şahyryň eserlerini daşary ýurt dillerine terjime etmegiň, filologik bilimleri ýaýratmagyň meseleleri we beýlekiler barada giňişleýin durlup geçildi.

Daşary ýurt wekilleri türkmen tarapy bilen geljek ýylda beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňişleýin bellemek bilen bagly şunuň ýaly çäreleri geçirmäge aýratyn gyzyklanma bildirdiler.

ORIENT news

Foto: iirmfa.edu.tm

Şeýle hem okaň: