Iň täze habarlar

Berlinde “Magtymgulynyň şygyryýetiniň ýewropaly alymlar tarapyndan öwrenilişi” atly halkara ylmy maslahaty geçirildi

09.12.2023 | 20:32 |
 Berlinde “Magtymgulynyň şygyryýetiniň ýewropaly alymlar tarapyndan öwrenilişi” atly halkara ylmy maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda “Magtymgulynyň şygyryýetiniň ýewropaly alymlar tarapyndan öwrenilişi” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Maslahata Berlin şäherinde ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Germaniýanyň ýokary okuw jaýlarynyň pofessor mugallymlary hem-de bu ýerde bilim alýan we ýaşaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Magtumguly Pyragynyň şygyrlary, şahyryň durmuş ýoly, döredijilik mirasy we pelsepe garaýyşlary barada maslahatlaşdylar we onuň şygyrlarynyň dünýä edebiýatynda ornuny belläp geçdiler.

Mundan başgada maslahatyň dowamynda Magtumguly Pyragynyň nemes dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy we çärä gatnaşyjylara nemes dilindäki goşgylar ýygyndysy paýlanyldy.

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyň Germaniýadaky ilçihanasy

Şeýle hem okaň: