Iň täze habarlar

“Türkmenpoçta” çaparçylyk hyzmatlaryny hödürleýär

22.11.2023 | 17:02 |
 “Türkmenpoçta” çaparçylyk hyzmatlaryny hödürleýär

"Türkmenpoçta" poçta aragatnaşyk kärhanasy Türkmenistanyň raýatlaryna ýurduň ähli ýerine poçta ýollamalaryny we ýükleri eltip bermegi öz içine alýan çaparçylyk hyzmatlaryny hödürleýär.

Ilatyň zerurlyklaryny göz öňünde tutup we häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak bilen ýerine ýetirilýän bu hyzmat arkaly öýüňizden çykman ýollanmalary we resminamalary almaga hemd-de ibermäge mümkinçilik berýär. “Türkmenpoçta” poçta ýollanmalarynyň 2-3 günüň içinde ýurduň islendik şäherine we ilatly ýerine eltilmegini kepillendirýär.

Berilýän hyzmatlaryň ýokary hili, oýlanyşykly logistika ulgamy, şeýle hem köp ýyllyk toplanan tejribe poçta aragatnaşyk kärhanasyna ýollanmalary we resminamalary gysga wagtyň içinde we salgy berlen adamyň hut öz eline gowşurylmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Ygtybarly we işine jogapkär çemeleşýän “Türkmenpoçta” poçta ýollanmalaryny we ýükleri müşderi tarapyndan görkezilen wagtda howpsuz we amatly gowşurylmagyny üpjün eder.

“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kärhanasynyň çaparçylyk hyzmatlaryna ilat arasynda uly isleg bildirilýär. Müşderileriň arasynda hususy kärhanalaryň, işewürlik gurluşlaryň, onlaýn dükanlaryň we abraýly kärhanalaryň wekilleri bar. Kompaniýa öz hödürleýän hzymatlaryny geljekde hem has-da kämilleşdirmegi maksat edinýär.

Çaparçylyk hyzmatyny web-saýty ýa-da (+993 12) 92 14 95 telefon belgisine jaň etmek, şeýle hem “Çapar” mobil goşundysynyň üsti bilen peýdalanyp bolýar.

“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kärhanasynyň beýleki hyzmatlary barada “075” gysga belgä jaň edip, öwrenip bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: post.tm

Şeýle hem okaň: