"Tatarystan Respublikasy" gazetiniň baş redaktory Türkmenistanda resmi bellige alyndy
20.11.2023 | 20:34 |“Tatarystan Respublikasy” gazetiniň baş redaktory Alekseý Ugarow Türkmenistanda daşary ýurt žurnalisti hökmünde resmi bellige alyndy. Bu barada Türkmenistanyň Russiýadaky Baş konsullygy (Kazan) habar berdi.
Alekseý Ugarowa degişli şahadatnama Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsuly Güýçgeldi Garaýew tarapyndan gowşuryldy.
Duşuşykda taraplar Tatarstanyň metbugatynda, şol sanda “Tatarystan Respublikasy” gazetinde Türkmenistanyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalaryny beýan etmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, “Tatarystan Respublikasy” gazetiniň we Türkmenistanyň degişli gazetleriniň arasynda şertnama baglaşmagyň mümkinçiligi barada pikir alşyldy.
Şeýle hem, iki ýurduň žurnalistleriniň arasynda tejribe alyşmagy guramak we bu ugurda bilim alýan talyplar üçin onlaýn leksiýalar geçirmek barada pikir alyşdylar.
Ozallar Alekseý Ugarow “Tatar-inform” habarlar agentliginde baş redaktor wezipesini ýerine ýetirýärdi. Şu ýylyň iýun aýynda ol "Tatarystan Respublikasy" gazetiniň baş redaktory wezipesine bellendi. Tatarystan Respublikasynyň Hökümeti we Döwlet geňeşi bu gazetiň esaslandyryjylarydyr.
ORIENT news