ÝUNEP-iň direktory Türkmenistanyň ekologiki taslamalary bilen tanyşdy
20.10.2023 | 12:25 |Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw maksatnamasynyň (UNEP) ekosistemany dolandyrmak boýunça Halkara hyzmatdaşlygynyň direktory Linçýu Jang daşky gurşawy ösdürmek we ýerli hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistana iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky metbugat gullugynyň habar berýär.
Saparyň dowamynda Jang BMG-niň ýurtdaky topary, milli guramalaryň wekilleri bilen duşuşdy we ekologiýa taýdan arassa we energiýa tygşytlaýan şäher gurmak üçin häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmagyň mysaly bolan Arkadag şäherine baryp gördi.
Şeýle hem Jang, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda leksiýa berdi, ol ýerde talyplara ÝUNEP-iň global we sebit derejesinde howanyň üýtgemegine garşy göreşmek maksatlary we strategiýalary barada gürrüň berdi. Şeýle-de, talyplar bilen ÝUNEP-iň dürli maksatnamalaryna we taslamalaryna gatnaşmak üçin mümkinçilikleri we çeşmeleri paýlaşdy.
ÝUNEP-iň direktorynyň sapary BMG bilen Türkmenistanyň ekologiýa we durnukly ösüş babatyndaky gepleşiklerini we hyzmatdaşlygyny berkitmäge goşant goşdy. Jang, Türkmenistanyň bu ugurda gazanan üstünliklerine minnetdarlygyny bildirdi we ÝUNEP-iň ýurtda ekologiýa başlangyçlaryny we taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin goldaw we tejribe bermäge taýýardygyny aýtdy.
ORIENT news