Mekdep okuwçylarynyň arasynda surat çekmek boýunça bäsleşik yglan edildi
19.10.2023 | 18:20 |Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty ýurduň mekdep okuwçylarynyň arasynda daşky gurşawyň üýtgemegi bilen bagly temada “Tebigat gözelligi – 2030” atly surat çekmek bäsleşigini yglan edýär.
Bellenişi ýaly, häzirki wagtda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasy Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň ilçihanalary bilen bilelikde ýurdumyzyň sebitlerinde howanyň üýtgemegi bilen bagly maslahatlary guraýar. 3-nji noýabrda paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda bu çäreleriň jemleýji maslahaty guralar.
Türkmenistanly mekdep okuwçylary özleriniň A4/A3 formatly kagyz ýüzüne çeken surat işlerini 1-nji noýabrda çenli Aşgabat şäheriniň Galkynyş köçesiniň 25-nji jaýynda ýerleşýän Halkara gatnaşyklary istitutyna tabşyrmalydyr. Suratyň arka ýüzünde awtoryň ady, familiýasy, okaýan mekdebiniň salgysy, synpy we telefon belgileri baradaky maglumatlaryny görkezmelidir.
Bäsleşikde ýeňiji bolanlar paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda guraljak maslahata gatnaşyp, ýadygärlik sowgatlaryna eýe bolarlar.
ORIENT news