Iň täze habarlar

Fransuz artisti Eduard Montut "Arkadagyň säheri" kinofestiwalyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi

13.10.2023 | 15:50 |
 Fransuz artisti Eduard Montut "Arkadagyň säheri" kinofestiwalyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi

"Taksi" filminde inspektor Aleniň keşbini janlandyryp meşhurlyga eýe bolan fransuz teatr we kino artisti Eduard Montut "Arkadagyň säheri" atly halkara kinofestiwala gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi.

Halkara kinoforumyň dabaraly açylyşy 14-nji oktýabrda Arkadag şäherinde geçiriler. Eduard Montut bilen birlikde, Parižiň «Monde et Media» kompaniýasynyň prodýuseri Jen-Mariýa Laronze Aşgabada geldiler. Şeýle hem, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan, Russiýadan, Türkiýeden, Fransiýadan kino işgärleri Arkadag şäherinde geçiriljek medeni foruma gatnaşýarlar.

652920ee3c6ca872097195.jpg

"Men Türkmenistanda ilkinji gezek bolup görýärin bu ýerde geçirilýän ilkinji halkara kinofestiwala gatnaşýandygyma örän şat. Munuň ýatdan çykmajak waka öwrüljekdigine ynanýaryn" diýip, fransiýaly meşhur artsist Halkara habarlar merkezine mälim edýär.

652920f5e25db831752936.jpg

14-15-nji oktýabrda Arkadag şäherinde "Arkadagyň säheri" atly halkara kinofestiwaly geçirilýär. Aziýanyň we Ýewropanyň meşhur kino işgärleri şeýle hem, Arkadag şäherine aýlanyp görerler.

ORIENT news

Foto: Halkara habarlar merkezi

Şeýle hem okaň: