Buharadaky meşhur medrese ýene-de russiýaly talyplary kabul eder
30.05.2023 | 23:23 |Özbegistanyň Buhara şäherinde ýerleşýän Mir-Arab medresesi 32 ýyllyk arakesmeden soň russiýaly talyplary okuwa kabul edip başlar. Sowet döwründe Russiýanyň musulman dini işgärleriniň köpüsi bu ylahyýet mekdebinde bilim aldy - diýip, Russiýanyň Musulmanlarynyň ruhy mejlisiniň müftüleriniň başlygy Albir Krganow gürrüň berdi – diýip, RIA Nowosti habar berýär.
Russiýaly talyplaryň Mir-Arapda okamak mümkinçiligi Özbegistanyň Ýokary müftüsi, Musulmanlar müdirliginiň başlygy Nuriddin Haliknazarow bilen ylalaşyldy. Häzirki wagtda bu taryhy ylym ojagynda çuwaşiýaly talyplar bilim alýar. Ýigitler Kazandaky "Muhammadiýa" medresesinde başlangyç bilim aldylar. Olar Buharada okuw şertleri bilen tanyşdylar we söhbetdeşlik geçdiler - diýip, Krganow aýtdy.
Mir-Arab Medresi Buharada ýerleşýän özbek Şibanidler dinastiýasynyň hökümdarlyk eden döwründe döredilen XVI asyryň yslam bilim, ruhy we ýadygärlik dini binasydyr. Ol Buhara hanlygynyň iri dini merkezleriniň biri bolupdyr. 1920-nji ýylda medrese ýapylyp, 1946-njy ýylda gaýtadan açylýar. Mir-Arab 1989-njy ýyla çenli SSSR-iň çäginde hereket eden eke-täk medrese bolupdyr.
Albir Krganow Russiýanyň häzirki müftileri – RF-iň dini müdirlikleriniň ýolbaşçylary Talgat Täjuddiniň, Rawil Gaýnutdiniň, Ysmaýyl Berdiýewiň, Russiýanyň Gahrymany Ahmat Kadyrowyň we başga-da dini wekilleriň birnäçesiniň Mir-Arabda bilim alandygyny aýtdy.
ORIENT news