Türkmenistanda parlament saýlawlarynyň öňünden «ümsümlik güni» başlandy
25.03.2023 | 12:06 |Türkmenistanda 26-njy martda geçiriljek nobatdaky parlament saýlawlarynyň öňüsyrasynda «ümsümlik güni» başlandy.
25-nji martdan başlap ol ýa-da beýleki syýasy güýji goldamak üçin wagyz işlerini alyp barmak gadagan edilýär. Ýöne wagyz häsiýetli çap edilen materiallar, şol sanda saýlaw komissiýalarynyň daşynda ozal ýerleşdirlen listowkalar, plakatlar ses berme güni ozalky ýerlerinde saklanyp galýar.
Wagyz geçirilýän döwründe ähli dalaşgärlere köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin deň mümkinçilikler berlipdi. Şeýle hem olaryň döwlet tele- we radioýaýlymlarynda tölegsiz efir wagtyna hukugy bolupdy. Tölegsiz efir wagtynyň umumy gündelik möçberi bir sagatdan az bolmaly däldir.
Türkmenistanyň Mejlisine saýlawlarda ýurduň raýatlary 125 deputaty saýlamaly. Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, ýurtda Demokratik partiýasyna, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyna we Türkmenistanyň Agrar partiýasyna wekilçilik edýän, şeýle hem öz dalaşgärlerini hödürläp biljek raýat toparlaryndan 258 dalaşgär hasaba alyndy.
ORIENT habarlar