Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýetiniň döredilmeginiň 90 ýyllygy baýramçylyk konserti bilen belleniler
26.11.2022 | 16:52 |3-nji dekabrda Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýetiniň döredilmeginiň 90 ýyllygy mynasybetli Magtymguly adyndaky Milli aýdym-sazly drama teatrynda baýramçylyk konserti geçiriler. Bu çäre Halkara maýyplar gününe gabat gelýär.
Jemgyýetiň agzalary sahnada dürli tanslary, gülki sahnalary, aýdymlary görkezerler we şol sanda yşarat etmek bilen çykyş ederler. Baýramçylyk konserti sagat 14:00-da başlanýar. Konsert tölegsiz görnüşde geçirilýär.
Oktýabr aýynda jemgyýetiň ýubileýi mynasybetli Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýeti görüş we eşidiş ýetmezçilikleri bolan agzalarynyň arasynda edebi we döredijilik eserleriniň bäsleşigini yglan edipdi. Bäsleşigiň maksady olaryň döredijilik we edebi ukyplaryny ösdürmäge, jemgyýetiň başarnykly we zehinli agzalaryny kesgitlemäge gönükdirilendir. Bäsleşigiň ýeňijileri 30-njy noýabrda yglan ediler.
Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýeti 1932-nji ýylda döredilip, ol 4000-den gowrak agzany özünde jemleýär. Aşgabat, Mary, Daşoguz, Türkmenbaşy we ýurduň beýleki şäherlerinde jemgyýetiň okuw we önümçilik merkezleri bar. Körler we kerler jemgyýetiniň sosial dikeldiş birleşigi eşidiş we görüş kynçylyklary bolan adamlara häzirki zaman dünýäsinde we jemgyýetinde durmuşa uýgunlaşmaga kömek edýär.
ORIENT news
Surat: Google Maps