Aşgabat bilen Astananyň ulag gün tertibinde – demir ýol, awtoulag ýoly we howa ýollary
16.10.2022 | 17:12 |Astanadaky türkmen-gazak gepleşiklerinde ulag-üstaşyr pudagyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň saýtynda berilýän habara görä, taraplar Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň doly güýjünde ulanylmagy üçin bilelikdäki çäreleri görmek barada ylalaşdylar.
“Kada giren logistika zynjyrlarynyň arasynyň kesilmeginiň fonunda bu ugura bolan isleg ep-esli artdy. Şonuň üçin, biz bu ýoly ösdürmek boýunça bilelikdäki hereket meýilnamasyny taýýarlamagy tabşyrdyk" – diýip, Kasym-Jomart Tokaýew Akordada geçen brifingde aýtdy.
Munuň bilen birlikde, döwlet baştutanlary Aktau, Kuryk we Türkmenbaşy deňiz portlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, gürrüň "Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystanyň serhedi" atly täze awtoulag ýolunyň gurluşygy barada boldy.
Iki ýurduň hökümetleri hem pandemiýanyň başyndan bäri togtadylan yzygiderli gatnawlary gaýtadan iki ýurduň arasynda mümkin boldugyça gysga wagtda dikeltmek mümkinçiligine garamak barada ylalaşdylar.
Kasym-Jomart Tokaýew işewürlik işine goşmaça itergi bermek üçin iki ýurduň raýatlarynyň iş saparlary üçin ýönekeý wiza düzgünini girizmegi teklip etdi.
ORIENT news
Foto: akorda.kz