Iň täze habarlar

Tähran üstaşyr forumy: Türkmenistan mümkinçilikleriň ösüşi we nyrhlaryň düşürilmegi barada

10.10.2022 | 03:20 |
 Tähran üstaşyr forumy: Türkmenistan mümkinçilikleriň ösüşi we nyrhlaryň  düşürilmegi barada

Şenbe güni Tähranda Eýranyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň pudak ýolbaşçylarynyň ilkinji sammitiniň öňüsyrasynda bu döwletleriň transport ministrleriniň orunbasarlary derejesinde alty taraplaýyn duşuşyk geçirildi. 9-njy oktýabr, ýekşenbe güni geçiriljek gepleşikleriň netijesi boýunça ministrler tarapyndan kabul ediljek bilelikdäki resminamanyň düzgünlerini utgaşdyrmak duşuşygyň esasy mowzugy boldy.

Eýran-Merkezi Aziýa transport forumy Tähranyň başlangyjy bilen geçirilmek bilen, çäräniň maksady sebitdäki üstaşyr ýük gatnawlaryny işjeňleşdirmek üçin zerur çäreleri kesgitlemekden we olaryň möçberini ýylda 20 million tonna çenli artdyrmakdan ybarat.

Forumyň açylyş dabarasynda Eýranyň Daşary işler ministriniň Ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary Mehdi Safari: "Bu maksada ýetmek üçin, Eýran deňze çykalgasy bolmadyk goňşy ýurtlaryna açyk suwlara çykmaga ýol açar" - diýdi. Şeýle hem, ol ýakyn wagtda Eýranyň bu ugurda halkara konferensiýasyny geçirjekdigini aýtdy.

Infrastruktura maýa goýumlaryny çekmek, serhetýaka hereketini gowulandyrmak, üstaşyr proseslerde sanly tehnologiýalary ösdürmek, sürüjiler üçin wiza düzgünini ýeňilleşdirmek, nyrhlary we üstaşyr töleglerini kämilleşdirmek sammitiň esasy wezipelerinden biridir.

Тегеранский транзитный форум: Туркменистан представляет рост потенциала и снижение тарифов

Türkmenistanda 1-nji oktýabrdan başlap, multimodal gatnawlaryň artmagyna oňyn täsir edýän daşary ýurt ulag serişdeleriniň sürüjileri üçin täze nyrhlar eýýäm güýje girdi. Şu ýylyň 15-nji noýabryna çenli serhet girelgelerinde henizem pandemiýa düzgüni hereket edýär, bu ýagdaýda ýurda diňe tirkeg girip, ol türkmen ulaglary bilen daşalýar, ýagny sürüjilere bu ýagdaýda wiza gerek däl.

Indi bolsa, harytlary düşürmek we ýüklemek üçin birinji stansiýa çenli nyrhlar arzanlady, sürüjiler üçin wiza bermegiň ýeňilleşdirilen tertibi işlenilip düzülýär.

Eýranyň we Türkiýäniň ýük daşama ulgamynda awtoulag gatnawlarynyň demirýol gatnawlaryna görä, işjeň ulanylýandygyny göz öňünde tutsaň, Türkmenistanyň ulag pudagynyň edara ýolbaşçylarynyň gören bu çäreleri ýurduň üstünden üstaşyr akymlaryň artmagyna itergi bermeli we tutuş sebitde söwda dolanyşygynyň ösmegine ýardam etmeli.

Umuman alanyňda, hünärmenleriň pikiriçe, Türkmenistanyň üstünden geçýän üstaşyr ugurlarda awtoulag gatnawlarynyň ep-esli köpelmegine garaşylýar. Şonuň üçin bu ýerde, hakykatdanam, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen takyk işleşmegiň mehanizmleri zerur, bu bolsa Türkmenistanyň Tähran transport forumyna gatnaşmagynyň esasy maksadydyr.

ORIENT news

Şeýle hem okaň: