1-nji oktýabr – hytaý halkynyň baş baýramy
01.10.2022 | 16:57 |Şu gün, 1-nji oktýabrda dünýäde ilat sany boýunça iň köp ýurduň ýaşaýjylary öz baş baýramyny – Hytaý Halk Respublikasynyň döredilen gününi belleýär.
Hytaýyň ýaşaýjylarynyň tassyklaýşy ýaly, bu olaryň iň ýaş, ýöne, örän möhüm baýramydyr. Ony “Altyn hepde” diýip atlandyryp, ýedi gün belleýärler hem-de Hytaýyň ähli künjeklerinde aýratyn dabaralylyk bilen baýram edýärler.
Hytaý siwilizasiýasy -- iň gadymylaryň biri bolup, onuň ýaşy 5 ýyl töweregi hasaplanylýar. Ýurduň adynyň, hytaý ierogliflerine görä, “Ortalyk döwlet” hökmünde terjime edilse-de, Hytaý diýen ikinji adyna Şan neberesiniň dolandyrýan döwründe imperatora “Asmandan” iberilen hökmünde tagzym edip, ony “Asmanyň ogly” diýip atlandyrmaklarynyň netijesinde eýe boldy.
“Asmanyň” özini bolsa hytaýlylar mukaddes mesgen, ýagny türkmenleriň gadymy döwründäki düşünjesine görä, Taňry hökmünde kabul etdiler. Taňryny şol mesgenine girelge hem, gadymy ynançlara görä, olaryň ýurdunyň göni üstünde ýerleşipdir. Şundan hem Hytaýyň – Asmanasty diýen ikinji ady gelip çykýar.
Ençeme ýüzýyllyklarda bu syrly ýurdy monarhlar dolandyrypdyrlar, bu ýagdaý XX asyryň başlaryna çenli dowam edip, Sinhaý rewolýusiýasynyň ýeňşinden soň, olaryň nebereleriniň soňy geldi. Emma, on ýarym ýyldan soň, uzaga çeken raýatlyk urşy başlanyp, ol 22 ýyl dowam etmek bilen, Mao Szedunyň tarapdarlarynyň ýeňşi bilen tamamlandy.
Şonda, 1949-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda Hytaýyň baş maýdançasy bolan Týananmen meýdançasynda hem täze döwletiň – Hytaý Halk Respublikasynyň döredilendigi yglan edildi. Şondan bäri şol senede hem ýurduň baş baýramy – HHR-niň döredilen güni bellenilýär.
Bu baýramçylyk, ýaňy hem aýdylyşy ýaly, bagaça hem – “1-nji oktýabr mynasybetli uzak dynç alyş”, “Altyn hepde” we ş.m atlandyrylýar. Şeýle atlandyrylmaga sebäp bolsa, onuň ýedi gün bellenilýändigi bilen baglanyşyklydyr.
Şol gün Hytaýyň Kompartiýasyny esaslandyryjy – Mao Szedunyň balzamlaşdyrylan jesedi aram tapan aramgäh ýerleşen Týananmen meýdançasyna ýygnananlar iňrik ýagtylmagynyň öňüsyrasyndaky pursatlarda baýdagyň dabaraly galdyrylyşyny görmäge garaşýarlar. Bu bolsa Günüň dogmagyna gabat gelýär.
Soňra giň gerimli feýerwerk, baýramçylyk konserti, köpçülikleýin gezelençler we ş.m bolar. Dürl güllere bezelen uly we kiçi şäherleriň köçeleri adamlardan doly bolar, her ýerlerde aýdym-sazlar ýaňlanar, hemme ýerde milli nyşanlar – hytaýlylar tarapyndan rowaçlygyň nyşany hökmünde sarpalanýan aždarhalaryň we pilleriň şekiljikleri ýalpyldaýar. Rowaçlyga bolsa hytaý halky garaşsyz ösüşiniň ýetmiş ýyly töwereginde ýetdi.
Baýramyňyz bilen, hytaýly dostlar!
Bekdurdy AMANSARYÝEW