Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Putin Gurbanguly Berdimuhamedowy “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordeni bilen sylaglady

27.08.2022|19:48|
1977
putin-gurbanguly-berdimuhamedowy-watanyn-onunde-bitiren-hyzmatlary-ucin-ordeni-bilen-sylaglady

– Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordenini bermek baradaky Permana gol çekdi – diýip, Interfax, hukuk maglumatlary resmi portalyna salgylanmak bilen, habar berýär.

Anna güni hukuk maglumatlar portalynda çap edilen Permanda "Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan uly goşandy üçin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy IV derejeli “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordeni bilen sylaglamaly – diýlip, bellenýär.

Şunuň bilen baglylykda, – Iýun aýynda Aşgabat şäherine saparynyň dowamynda Putin 65 ýaşynyň doglan güni mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedowa “Yza gaýdyp gelýän çapyksuwar” heýkelini, zlatoustly ussalar tarapyndan ýasalan küşt we iki sany gylyç sowgat berdi – diýip, «Известия» ýatlaýar.

ORIENT news