Habarlar
Makalalar
Media
Afişa
Biz barada
Habarlaşmak üçin
Turkish Airlines 2-nji sentýabrdan 30-njy sentýabr aralygynda her duşenbe we anna günleri Türkmenbaşy we Stambul şäherleriniň arasynda çarter howa gatnawlaryny amala aşyrar. Awiakompaniýa bu barada ORIENT-e elektron hat arkaly habar berdi.
Şunda habarda Turkish Airlines-yň ýurtlaryň arasyndaky howa gatnawyny doly derejede täzeden dikeltmegi meýilleşdirmeýändigi anyklaşdyryldy.
Awiakompaniýanyň uçarlary Stambuldan 15:00-da uçup, 19:55-de Türkmenbaşy şäherine gonar. Howa gämileri 22:25-de Türkmenbaşy şäherinden uçup, 23:50-de Stambula gonar.
Ekonom derejedäki ähli ugurlar üçin bir taraplaýyn petegiň bahasy 698 ABŞ dollaryna, biznes derejede bolsa – 1495 ABŞ dollaryna deňdir. Goş-golamy musdsuz äkitmegiň mukdary - 40 kg barabardyr.
ORIENT news
