Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Daşary ýurtlardan gelýän Türkmenistanyň raýatlary 3 günlük izolýasiýada bolmaly

16.07.2022|01:17|
2276
dasary-yurtlardan-gelyan-turkmenistanyn-rayatlary-3-gunluk-izolyasiyada-bolmaly

Daşary ýurtlardan gelýän we ähli zerur kepilnamalary bolan Türkmenistanyň raýatlary üçin (COVID-19 sanjymynyň edilendigini we bedeninde antigenleriň ýokdugyny tassyklaýan şahadatnama, uçuşdan öň - soňky 48 sagadyň dowamynda geçirilen koronawirusyň ýoklugy barada PCR-barlagy) öňüni alyş çäresi hökmünde diňe 3 günlük öz-özüni izolirlemek, ýagny işjeň daşky aragatnaşyksyz öýde galmaklyk göz öňünde tutulýar.

Daşary ýurtlardan gelýän türkmen raýatlary üçin nähili çäklendirmeleriň bardygy barada okyjylardan ýygy-ýygydan gelýän soraglar bilen ORIENT-iň ýüz tutan degişli döwlet edaralary bu habary tassyklady.

Keseliň ýüze çykarylmagy bilen baglanyşykly aýratyn ýagdaýlardan başga, has uzak möhletli karantin görnüşindäki beýleki berk çäklendirmeler göz öňünde tutulmaýar.

ORIENT news