Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin
Ýylyň birinji ýarymynyň netijeleri boýunça geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Gurban baýramyny bellemek hakyndaky Permana gol çekdi.
Däp bolşy ýaly, Türkmenistanda bu baýram üç gün bellenilýär. 2022-nji ýylda Gurban baýramy 9-11-nji iýul aralygyna düşýär, ýöne 10-njy iýul dynç güni bolandygy sebäpli, Prezidentiň Permany bilen ol 12-nji iýula, ýagny sişenbe gününe geçirilýär.
Şeýlelik bilen, türkmenistanlylar dört gün dynç alarlar we baýramçylygy bellärler. Bu Perman, eýeçiligine garamazdan, ähli edaralara, kärhanalara we guramalara degişlidir.
ORIENT news
