Iň täze habarlar

Türkmenistan 224 000 tonna şugundyr hasylyny ýygnamagy meýilleşdirýär

12.06.2022 | 20:25 |
 Türkmenistan 224 000 tonna şugundyr hasylyny ýygnamagy meýilleşdirýär

Türkmenisanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, ýurduň Oba hojalyk ministrligi, Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimlikleri 2022-ni ýylda gant şugundyrynyň 224 müň tonnasynyň öndürilmegini üpjün etmeli.

Bu ekin üçin ady agzalan sebitleriň ikisinde jemi 17 müň 900 gektar bölünip berildi. Balkan welaýatynda 3 müň gektardan 24 müň tonna hasyla garaşylýar. Galan 200 müň tonna hasyly Mary welaýatynyň 14 müň 900 gektar ýerinden almak meýilleşdirilýär.

ORIENT news

Şeýle hem okaň: