Iň täze habarlar

TDHÇMB-niň söwdalary: ECO-93 görnüşli awtoulag benzininiň bahasy ýene-de artdy

11.06.2022 | 02:57 |
 TDHÇMB-niň söwdalary: ECO-93 görnüşli awtoulag benzininiň bahasy ýene-de artdy

Penşenbe güni, 9-njy iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $82,5 million we 937 müň manat bolan 5 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri 80 müň tonna ECO-93 görnüşli awtoulag benzinini satyn aldylar. Onuň bahasy ozalky söwdanyňky bilen deňeşdirilende, 3,8% artdy hem-de bir tonnasynyň bahasy $1 028 deň boldy. Tebigy gazdan öndürilen benzin boýunça geleşikleriň umumy bahasy 82,2 milliona barabar boldy.

Gyrgyzystanyň işewüri umumy bahasy $297,4 müň bolan nah ýüplügiň 88 müň tonnasyny satyn almaga geleşik baglaşdy. Manat serişdelerine BAE-niň wekili 22 müň tonna nah ýüplük satyn aldy. Geleşigiň umumy bahasy 937,5 müň manada barabar boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaryna şu gün (27-nji iýunda) çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen biržanyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news

Şeýle hem okaň: