Gambiýadan 3:1 hasabynda ýeňiş, Antalýadaky türgenleşikler, bazanyň Arizonadan Meksika geçirilmegi we ýörite howpsuzlyk çäreleri
“CCTV+” habarlar gullugynyň berýän maglumatyna görä, Eýranyň futbol boýunça milli ýygyndysy, wiza bilen bagly näbelliliklere we Eýran bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň dartgynlylygyna garamazdan, Türkiýede dünýä çempionatyna türgenleşikleri we ýoldaşlyk duşuşyklaryny dowam etdirip, taýýarlyk görýär.
Anna güni Antalýada geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda, ýaryşa gatnaşmak guramaçylygy boýunça aýdyňlyga garaşýan komanda, Gambiýanyň ýygyndysyndan möhüm ýeňiş gazandy.
Taýýarlyk işleri bat aldygyça, Eýranyň ýygyndysy wiza meselesinde näbellilikler bilen ýüzbe-ýüz bolmagyny dowam edýär. FIFA-nyň maslahatyna laýyklykda, ýygyndynyň ýaryşyň öňýanyndaky türgenleşik lageri golaýda Amerikanyň Arizona ştatyndan Meksikanyň Tihuana şäherine geçirildi.
Eýranyň futbol resmileri syýasy ýagdaýyň kynçylyk döredýändigini, emma oýunçylaryň diňe ýaryşyň özüne taýýarlyk görmäge üns berýändiklerini mälim etdiler.
Futbol federasiýasynyň wise-prezidenti Mehdi Mohammed Nabi şeýle diýdi: «Biziň oýunçylarymyz professionaldyr we olaryň wezipesi türgenleşikler hem-de şuňa meňzeş meseleler barada oýlanmakdyr. Biz oýunçylarymyzyň ünsüniň bu kynçylyklara we goh-galmagallara sowulmagyna ýol bermeris, olaryň ünsi diňe futbolda bolmalydyr».
Eýran bilen serhetdeş bolan Türkiýe, watanyndaky dowam edýän gapma-garşylyklaryň şertlerinde oýunçylaryň diňe futbola ünsüni jemlemegini gazanmak üçin, toparyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ýörite çäreleri gördi.
Antalýadaky futbolçylary taýýarlaýyş agentligi “Fanatic Tour”-yň eýesi Dogukan Onkur şeýle belledi: «Mesele biziň welaýat polisiýa müdiriýetimiz ýa-da hususy gorag kompaniýalarymyz barada bolsun, tapawudy ýok, hem duşuşyk wagtynda, hem-de olaryň galýan myhmanhanasynda örän ýokary howpsuzlyk çäreleri görüldi.
Mundan başga-da, bu inçe mesele bolandygy sebäpli, hemme adam seresaplylyk görkezýär. Biz olaryň psihologik ýagdaýyny goramaga hem çalyşýarys. Olar kyn günleri başdan geçirýärler».
Emma meýdançada esasy üns öňküsi ýaly futbolda galýar. Anna güni Eýran, goýberilen goldan soňra yza galman, Gambiýany 3:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň taýýarlyk işlerine gatnaşan eýran-kanadaly sport guramaçysy Sem Mehdizade bu oýnuň iki ýygyndy üçin hem gymmatly taýýarlyk bolandygyny aýtdy.
«Eýranlylar bu ýere iki hepde ozal geldiler we şu ýerde türgenleşdiler, şonuň üçin olar kem-kemden howa, gurşawa we beýleki zatlara öwrenişýärler. Şeýlelikde, bu oýun olar üçin hem ajaýyp boldy. Ähtimallyk bilen, geljek hepde ýene bir duşuşygymyz bolar. Bu Meksika, esasy okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gitmezimizden ozal bolar» diýip, ol aýtdy.
Eýranyň milli ýygyndysynyň oýunçylary özleriniň ABŞ-na goýberiljekdigini ýa-da goýberilmejekdigini bilenoklar. Olaryň türgenleşik lageri Arizonadan Meksika geçirildi. Wizalar entek sorag astynda. Emma olar meýdança çykýarlar we 3:1 hasabynda ýeňiş gazanýarlar. Ünslerini sowmaýarlar. Arz-şikaýat etmeýärler.
Antalýada türk goragçylarynyň gözegçiligi astynda türgenleşýärler. Stadionyň daşynda syýasat joşýar. Içeride bolsa — diňe futbol. Mesele Eýranyň dünýä çempionatynda näçe gol urjakdygynda däl. Mesele — sportuň syýasatdan daşda näçe wagt saklanyp biljekdiginde. Häzirlikçe — başartýar. Oýunçylar futbol bilen dem alýarlar. Bu bolsa, ähtimallyk bilen, häzirki wagtda olary halas edýän ýeke-täk zatdyr.