Penşenbe güni ABŞ, Meksika we Kanada Ebola wirusy bilen ýokaşmak howpy iň ýokary bolan Afrika sebitlerinden gelýän adamlar üçin jemgyýetçilik saglygyny goramaga gönükdirilen utgaşdyrylan çäreleriň girizilendigini yglan etdiler.
Kanadanyň Daşary işler ministrliginiň bilelikdäki beýannamasyna görä, bu utgaşdyrylan çemeleşme raýatlary goramak bilen bir hatarda, FIFA-nyň 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin gelmegine garaşylýan millionlarça myhmanyň, janköýeriň, türgeniň we syýahatçynyň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Demirgazyk Amerikanyň üç döwleti bu çäreleriň öz serhetlerinden geçýän syýahatyň we söwdanyň durnukly dowam etdirilmegine hem ýardam etjekdigini bellediler.
Kanada Kongo Demokratik Respublikasynyň, Ugandanyň we Günorta Sudanyň ýaşaýjylary üçin ýurda girmegi 90 gün möhlete çäklendirdi. Bu çäre çarşenbe güni güýje girdi we görkezilen ýurtlardan gelýän adamlar 21 günlük karantin düzgünlerini berjaý etmeli bolarlar.
Meksikanyň iň iri awiakompaniýasy Aeromexico anna güni sosial ulgamlarda çap eden habarynda soňky 21 günüň dowamynda Uganda, Kongo Demokratik Respublikasy ýa-da Günorta Sudan ýaly ýurtlara baryp gören ýolagçylara howa ýoly arkaly Meksika girmäge rugsat berilmejekdigini mälim etdi.
Birnäçe halkara gatnawlaryny amala aşyrýan meksikan arzan bahaly awiakompaniýalar Viva Aerobus we Volaris hem şuňa meňzeş çäklendirmeleriň 60 gün möhlet bilen güýje girizilendigini habar berdiler.
FIFA-nyň futbol boýunça 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty ABŞ-da, Meksikada we Kanadada bilelikde geçiriler. Ýaryş 11-nji iýunda badalga alar.