ABŞ-nyň Goranmak ministri Pit Hegset şenbe güni geçirilen Shangri-La Dialogue 2026 sammitinde ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky özara hormatyň we aragatnaşygyň sebit hem-de dünýä parahatçylygyny saklamak üçin uly ähmiýete eýedigini aýtdy.
Goranmak we howpsuzlyk meselelerine bagyşlanan Aziýanyň iň iri sammiti hasaplanýan üç günlük çäre anna güni Singapurda geosyýasy dartgynlylygyň güýçlenýän döwründe öz işine başlady.
Sebitiň öňünde duran esasy howpsuzlyk meselelerine bagyşlanan foruma 40-dan gowrak ýurtdan we sebitden 550-den hem köp wekiliň gatnaşmagyna garaşylýar.
Hegsetiň bellemegine görä, ABŞ bilen Hytaýyň ýolbaşçylary strategik durnuklylyga esaslanýan konstruktiw gatnaşyklary ösdürmek boýunça möhüm ylalaşyga geldiler. Amerikan tarapy iki ýurduň ýaragly güýçleriniň arasynda aragatnaşygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy, şeýle hem açyk pikir alyşmak arkaly özara düşünişmegi ýokarlandyrmagy goldaýar.
Onuň sözlerine görä, netijeli kommunikasiýa ulgamynyň döredilmegi dünýäde parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegine ýardam edýär.
«Meniň pikirimçe, döwletleriň kuwwatyna we şol kuwwatyň häzirki dünýäde nähili netijeli ulanylyp bilinjekdigine degişli özara hormat we düşünje bar. Men bu ýerdäki diňleýjileri ynandyrmak isleýärin: iki döwletiň hem hakykatdan-da uly mümkinçilikleri bar. Bu mümkinçilikler örän ähmiýetlidir we sebitde hem-de bütin dünýäde parahatçylygyň taryhy üçin uly ähmiýete eýedir» diýip, Hegset aýtdy.