||
29-njy maýda, anna güni Waşingtonda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Marko Rubio bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar energetika howpsuzlygy we energiýa serişdeleriniň iberiliş ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak meselelerini hem öz içine alýan özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini bellediler.
Marko Rubio “daşary işler ministri Raşid Meredowa soňky söwda geleşiklerinde gazanylan öňegidişlik üçin minnetdarlyk bildirdi. Ministr Raşid Meredow we Döwlet sekretary Marko Rubio energetika, howpsuzlyk we söwda ulgamlarynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar” diýip, Döwlet departamentiniň habarynda aýdylýar.
