Özbegistan bilen Hindistan Daşkentiň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmak işiniň çäklerinde bazarlara giriş boýunça ikitaraplaýyn gepleşikleriň tamamlanandygy hakynda Teswirnama resmi taýdan gol çekdiler.
Bu möhüm resminamanyň üstünlikli gol çekilendigini Özbegistan Prezidentiniň BSG meseleleri boýunça ýörite wekili Azizbek Urunow habar berdi. Onuň sözlerine görä, esasy ykdysady ylalaşyklar mundan öň gazanylypdyr, emma taraplara resminamanyň hukuk tekstini jikme-jik seljermek we soňky gezek ylalaşmak üçin goşmaça wagt gerek bolupdyr. Gepleşikleriň dowamynda hindi tarapy konstruktiw we goldaw beriji çemeleşmäni görkezdi. Gol çekilen teswirnamanyň asyl nusgalarynyň biri Özbegistan tarapyndan dessine BSG-nyň Sekretariatyna tabşyrylar. Resminama respublikanyň dünýä söwda ulgamyna goşulmak tertibini tamamlamak üçin zerur bolan umumy jemlenen resminamalar toplumyna giriziler. Goňşy ýurt şu ýylyň ahyryna çenli guramanyň doly hukukly agzasy bolmagy meýilleşdirýär.
Hindistan ýaly iri ykdysady hyzmatdaş bilen gepleşikleriň tamamlanmagy Özbegistan üçin BSG-a goşulmak işini ep-esli çaltlandyrýar. Bu bolsa okyjylar we işewürler üçin täze söwda ugurlarynyň açylmagyny, gümrük amallarynyň ýönekeýleşdirilmegini hem-de Merkezi Aziýa sebitinde maýa goýum hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegini aňladýar.
ORIENT
