Eýranyň milli futbol ýygyndysy dünýä çempionatynyň final tapgyrynyň öňüsyrasyndaky taýýarlyk bazasyny resmi taýdan başga ýere geçirer.
The Guardian gazetiniň Eýranyň Futbol federasiýasyna salgylanyp habar bermegine görä, Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) eýran tarapynyň taýýarlyk bazasynyň ýerleşýän ýerini üýtgetmek baradaky haýyşyny tassyklady. Stambulda we Tähranda FIFA-nyň ýolbaşçylary bilen geçirilen üstünlikli gepleşikleriň netijesinde ýygyndynyň täze taýýarlyk merkezi hökmünde Meksikanyň Tihuana şäheri saýlandy. Federasiýanyň ýolbaşçylary toparyň oýunlaryň geçiriljek ýerlerine göni howa gatnawlary arkaly amatly baryp biljekdigini hem bellediler.
Toparyň ýaryşa gatnaşmagynyň formaty we tertibi üýtgewsiz galýar. FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino ozal Eýranyň ýygyndysynyň dünýä çempionatyna doly gatnaşjakdygyny we toparçadaky ähli meýilleşdirilen oýunlaryny ABŞ-nyň stadionlarynda geçirjekdigini tassyklady. Bu ýagdaý ilkinji bije çekilişinde göz öňünde tutulşy ýaly saklanýar.
2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň final tapgyry 11-nji iýundan 19-njy iýula çenli ABŞ-nyň, Kanadanyň we Meksikanyň stadionlarynda geçiriler. Eýranyň ýygyndysy G toparçasyna düşdi we güýçli garşydaşlar bilen duşuşmaly bolar. Eýranly futbolçylar ýaryşdaky ilkinji oýnuny 15-nji iýunda Los-Anjeles şäherinde Täze Zelandiýanyň ýygyndysyna garşy geçirerler.
Soňra topar 21-nji iýunda şol şäherde Belgiýanyň ýygyndysy bilen duşuşar, toparçadaky soňky oýnuny bolsa 26-njy iýunda Sietlde Müsüriň ýygyndysyna garşy geçirer.
ORIENT
