
Halkara syýahatçylyk platformasy GoTürkiye täze original kinotaslamasyny hödürledi. Taslama çykarylandan soň ilkinji 10 günüň dowamynda 44 milliondan gowrak tomaşa ýygnady.
Täze «Kappadokiýanyň ertekisi» mini-serialy ozal rekord derejede — 1,5 milliard görkeziliş toplan «Stambulyň hekaýasy» filminiň dowamydyr. Täzeçil mahabat kampaniýasy bir wagtyň özünde 25 ýurtda başlady. Onuň maksady — adaty mahabatyň ýerine gyzykly kinematografik wakalar arkaly Türkiýäniň täsin syýahatçylyk ugurlaryny dünýäde tanatmak.

Hekaýanyň merkezinde söýgüli ýaş jübüdiň dowam edýän wakasy ýerleşýär. Olar romantik bal aýyny geçirmek üçin syrly Kappadokiýa syýahat edýärler. Adaty dynç alyş täze durmuş guran ýaşlar üçin täsin syrlary çözmek bilen bagly mistik syýahata we başdan geçirmä öwrülýär. Taslamanyň üstünde tejribeli döredijilik topary işledi: ssenarini Kemal Hamamjoglu ýazdy, režissýor bolsa abraýly amerikan Emmy Awards baýragynyň eýesi Hilal Saral boldy.

Gyzykly wakalaryň fonunda tomaşaçylara Kappadokiýa sebitiniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen esasy gözel ýerleri giňden görkezilýär. Her bir pursatda beýik Uçhisar galasy, özüne çekiji Gyzyl jülge, gadymy ýerasty şäherler hem-de elbetde, daň atanda asmana galýan ýüzlerçe dürli reňkli howa şarlary görkezilýär.

Şeýle görnüşdäki mahabat Türkiýäniň halkara syýahatçylyk keşbini düýpgöter üýtgedýär. Häzirki wagtda GoTürkiye dünýäniň iň meşhur resmi syýahatçylyk brendleriniň biri bolup, global sosial ulgamlarda 20 milliondan gowrak yzarlaýjyny birleşdirýär hem-de millionlarça syýahatça Türkiýäniň baý medeni mirasyny açyp görkezýär.
ORIENT