ABŞ-nyň Döwlet sekretary Ýerewana gysga möhletli sapar bilen baryp, onuň dowamynda «Tramp ugry» taslamasy boýunça hyzmatdaşlyk etmek baradaky çarçuwaly ylalaşyk parafirlendi.
Amerikan diplomatiýasynyň ýolbaşçysynyň resmi maksatnamasy Ýerewandaky Zwartnos halkara howa menziliniň çäginden çykmady. Marko Rubio göni howa menzilinde Ermenistanyň Daşary işler ministri Ararat Mirzoýan bilen gysga duşuşyk geçirdi. Taraplar ulag geçelgesi baradaky ylalaşykdan başga-da strategik hyzmatdaşlyk baradaky düzgünnama hem-de seýrek ýer metallaryny üpjün etmek ulgamyndaky hyzmatdaşlygy düzgünleşdirýän çarçuwaly resminama gol çekdiler. Gysga metbugat beýannamasyndan soň ABŞ-nyň Döwlet sekretary ýurtdan ugrady.
Duşuşygyň esasy resminamasy bolan «Halkara parahatçylygy we abadançylygy üçin Tramp ugry» taslamasy sebitdäki ulag ýollaryny açmagy maksat edinýär. Hususan-da, başlangyç Ermenistanyň çäginden geçýän logistika ugruny döretmegi göz öňünde tutýar. Bu ugur Azerbaýjanyň esasy bölegini Nahiçewan Awtonom Respublikasy bilen baglanyşdyrar.
Şol bir wagtyň özünde Ýerewan bilen Waşingtonyň arasyndaky çalt ýakynlaşma Moskwada uly alada döredýär. Russiýanyň Daşary işler ministrligi ozal Günbatar döwletleriniň Ermenistany öz täsir giňişligine çekmäge synanyşýandygyny, munuň üçin bolsa ýurduň geljekde Ýewropa Bileleşigine goşulmagy baradaky pikirleri ulanýandygyny we munuň sebitdäki däp bolan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary üçin uzak möhletli töwekgelçilikleri döredýändigini belläpdi.
Russiýa tarapy Ermenistanyň ýolbaşçylygynyň Ýewropa gurluşlaryna integrirlenmäge çalyşýandygyny, şol bir wagtyň özünde bolsa Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň (ÝYB) agzasy bolmakdan gelýän ykdysady peýdalary saklamaga synanyşýandygyny nygtaýar. Bilermenleriň pikiriçe, şeýle syýasy ädimler Günorta Kawkazdaky güýçler deňagramlylygyny düýpli derejede üýtgedip biler.
ORIENT
