Gruziýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynda ýurduň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaraly diplomatik kabul edişlik boldy. Gruzin halkynyň özbaşdaklyga we demokratik ösüşe bolan köpasyrlyk islegini alamatlandyrýan bu çäre, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylaryny, akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyny we jemgyýetçilik wekillerini Aşgabatda bir ýere jemledi.

Şu ýyl baýramçylyk agşamy ilkinji gezek gönüden-göni diplomatik wekilhananyň binasynda geçirildi, bu bolsa duşuşygyň atmosferasyna özboluşly aýratynlyk we hakyky kawkaz myhmansöýerlik berdi. Dabaranyň resmi bölegini Gruziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwili açdy, ol özüniň giňişleýin ýüzlenmesinde myhmanlara duşuşyga gatnaşandyklary üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi.

Gruziýanyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy çykyşyny ähli Gruziýanyň Katolikos-Patriarhy Ilia II hatyralamak bilen başlady we onuň ýarym asyra golaý wagt bäri milletiň ruhy lideri hökmündäki taryhy ornuny belledi, şeýle hem täze saýlanan Katolikos-Patriarh Şio III-i intronizasiýasy bilen gutlady. Ilçi ýygnananlara 2026-njy ýylda Gruziýanyň hristiançylygy döwlet dini hökmünde yglan etmeginiň 1700 ýyllygyny giňden belleýändigini habar berdi, bu bolsa gruzin medeniýetiniň çuňňur siwilizasiýa we ruhy esaslaryny nygtaýar.

Geoykdysady gün tertibine geçip, Konstantin Sabiaşwili Gruziýany Dünýä ummanyna göni çykalgasy bolmadyk Ýewraziýa yklymynyň ýedi ýurdy üçin esasy strategik derweze hökmünde häsiýetlendirdi. Tbilisiniň uzak möhletleýin ykdysady strategiýasynyň çäklerinde 2032-nji ýyla çenli ulag we logistika infrastrukturasynyň giň gerimli döwrebaplaşdyrylmagy üçin 7 milliard ABŞ dollaryna çenli serişdäni jemlemek meýilleşdirilýär.

Bu gurluşda Orta geçelge merkezi orny eýeleýär, bu ýerde ýük dolanyşygy eýýäm 33% ösüş görkezdi. Sebitleýin arabaglanyşygyň durnuklylygyny Baku — Tbilis — Jeýhan we Baku — Tbilisi — Supsa nebit geçirijileri, Baku — Tbilisi — Kars demir ýoly, Lapis Lazuli geçelgesi we TRACECA halkara maksatnamasy ýaly hereket edýän ugurlar üpjün edýär.

Diplomat Anakliýa çuň suwly portunyň gurluşygynyň düýbüni çuňaltmak işleriniň işjeň tapgyryna geçendigini we Gündogar — Günbatar awtomobil magistralynyň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen birlikde, 2029-njy ýyla çenli onuň kuwwatynyň 600 müň TEU ýük konteýnerine ýetjekdigini habar berdi. Şol bir wagtyň özünde, Azerbaýjan, Rumyniýa we Wengeriýa bilen hyzmatdaşlykda, Ýewropany arassa energiýa bilen üpjün etmek üçin Gara deňziň düýbi arkaly suwasty elektrik kabeliniň taslamasy durmuşa geçirilýär, Tbilisi bu taslama gatnaşmaga Merkezi Aziýa ýurtlaryny, şol sanda Türkmenistany hem çagyrýar.

Ilçi dünýäniň bölünýän häzirki döwründe rowaçlygyň diwarlar bilen däl-de, köprüler arkaly gurulýandygyny aýratyn nygtady we Gruziýanyň Günorta Kawkazda parahatçylyk başlangyçlaryny yzygiderli goldap, bu birleşdiriji wezipäni üstünlikli berjaý edýändigini belledi. Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň depginine ýokary baha berip, diplomat özara gatnaşyklaryň görlüp-eşidilmedik derejede işjeňleşendigini mysal getirdi. 2025-nji ýylda Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzeniň Aşgabada resmi sapary amala aşyrylyp, onuň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen gepleşikler geçirildi, şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Tbilisi şäherine sapary boldy.

2026-njy ýylda Gruziýa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowany, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewi we Söwda ministri Nazar Agahanowy kabul etdi. Maý aýynyň başynda Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada saparyny amala aşyryp, Hökümetara ykdysady toparynyň bäşinji mejlisiniň üstünlikli geçirilmegini üpjün etdi. Wekilhananyň ýolbaşçysy Gruziýanyň özygtyýarlylygyny we çäk bitewüligini yzygiderli hem-de berk goldandygy üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna çuňňur minnetdarlyk bildirdi, Prezident Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Dabaraly kabul edişlikde Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan esasy myhman hökmünde Söwda ministri Nazar Agahanow çykyş etdi. Ol Prezident Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we hut öz adyndan gruzin halkyny Gruziýanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýüreklikden gutlady. Edaranyň ýolbaşçysy öz çykyşynda döwletleriň arasynda 1993-nji ýylyň awgustynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklaryň özara hormat goýmak we konstruktiw ynanyşmak esaslaryna daýanýan, birek-birege bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigini nygtady.
Tbilisi bilen köptaraply dialogy ösdürmek Aşgabat üçin Ýewropa ugrundaky ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ministr 2026-njy ýylyň 7-nji maýynda Aşgabatda tamamlanan Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň bäşinji mejlisiniň ýokary netijeliligini belledi, onuň gol çekilen teswirnamasy taraplaryň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini tassyklady.

Türkmen tarapy ulag-üstaşyr ugruna aýratyn üns berdi, bu ulgamda Türkmenistan Merkezi Aziýany Hazar deňziň we Gara deňziň üsti bilen Kawkaz hem-de Ýewropa döwletleri bilen ygtyýarly baglanyşdyrýan TRACECA we Lapis Lazuli geçelgeleri bilen birlikde, halkara logistika taslamalaryna gatnaşygyny yzygiderli giňeldýär.
Nazar Agahanow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewiň Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze bilen ýakynda bolan duşuşygynyň dowamynda gazanylan möhüm ylalaşyklary belläp geçdi. Bu ylalaşyklar iki ýurduň işewürler toparlarynyň söwda, energetika, oba hojalygy, syýahatçylyk we innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan özara islegini tassyklady.
Resmi bölegiň ahyrynda Söwda ministri ilçi Konstantin Sabiaşwilä ikitaraplaýyn gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekdäki alyp barýan işjeň diplomatik işi üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi.
Baýramçylyk agşamy mähirli we dostlukly ýagdaýda dowam etdi. Milli halk aýdymlarynyň ýerine ýetirilmegi hem-de milli aşhananyň däp bolan tagamlaryndan dadyp görülmegi kabul edişligiň hakyky bezegine öwrüldi.
Ilçihananyň howlysynda goýlan we ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen, gruzin çykyr ýasamak sungatynyň sekiz müň ýyllyk üznüksiz däp-dessuryny alamatlandyrýan hakyky kweri gaby agşamyň ajaýyp nyşanyna öwrüldi. Gruzin we türkmen halklarynyň mähriban hem-de sahy dostlary bolan myhmanlar şol agşam bu däbiň ruhuny bilelikde paýlaşdylar.

Bekdurdy AMANSARYÝEW
