48 topar, 3 guramaçy ýurt, syýahatçylyk akymynyň birden ýokarlanmagy, ýokary nyrhyň emele gelmegi, 2028-nji ýylyň Olimpiadasyna taýýarlyk we maslahat: mümkin boldugyça irräk bron ediň.
CCTV+ habar bermegine görä, millionlarça janköýer dünýä çempionatynyň oýunlaryna gatnaşmak üçin ABŞ-a syýahata taýýarlanýan mahaly, Nýu-Ýorkdan Los-Anjelese çenli oýunlary kabul edýän şäherlerde myhmanhanalar we gysga möhletli kireýine berilýän jaýlar çalt dolup barýar.
2026-njy ýylda giňeldilen ýaryşa rekord derejede köp topar — 48 ýygyndy gatnaşar. Ýaryş ilkinji gezek üç ýurtda geçiriler: oýunlar 11-nji iýun — 19-njy iýul aralygynda ABŞ-da, Meksikada we Kanadada meýilleşdirildi.
ABŞ-da kärhanalar syýahatçylygyň ep-esli ýokarlanmagyna taýýarlanýarlar. Emma ýaşaljak ýerleriň nyrhlarynyň galmagy, işçi güýjüniň ýetmezçiligi we elýeterli ýaşaýyş jaýlarynyň çäklidigi ýerli bazarlara goşmaça basyş edýär.
“Compass Real Estate” kompaniýasynyň söwda agenti Maýk Irwin şeýle diýdi: “Bron etmegiň dürli görnüşleri bar. “Airbnb” hyzmatyna isleg örän uly, köpler jaýy bir aýlap kireýine alýarlar. Beýleki tarapdan, myhmanhanalar hem dürli kategoriýalar boýunça dolýar. Menin pikirimçe, adamlar bir ýerden başga ýere yzygiderli göçüp-gonup durarlar”.
Dünýä çempionatyna 2028-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk hökmünde hem garaýan Los-Anjelesde häkimiýetler infrastruktura desgalaryň döwrebaplaşdyrylmagyny çaltlandyrýarlar. Myhmanhanalar we myhmanlary kabul etmek bilen meşgullanýan kärhanalar islegiň birden artmagyna taýýarlanýarlar.
Bu garaýyşlaryň aňyrsynda artýan meseleler hem bar. Myhmanhana eýeleri eýýämden zähmet dawalary we ýaryşyň öňisyrasynda bolmagy mümkin iş taşlaýyşlar baradaky aladalar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.
Syýahatçylyk pudagynyň wekilleri dünýä çempionatynyň ozalky garaşylyşy ýaly, ABŞ-a ägirt uly ykdysady peýda getirjekdigini aýdýarlar. Restoranlardan başlap, awiakompaniýalara çenli ähli kärhanalar milliardlarça dollar goşmaça girdejä taýýarlanýarlar. Islegiň artmagy we elýeterli ýaşaýyş jaýlarynyň azalmagy sebäpli, syýahatçylara bahalar has-da ýokarlanmazdan ozal, ýerleri mümkin boldugyça irräk bron etmek maslahat berilýär.
ABŞ futbol baýramçylygyna taýýarlanýar. 48 topar, üç ýurt, millionlarça janköýer. Myhmanhanalar we “Airbnb” eýýämden doly. Bahalar barha ýokarlanýar.
Zähmet dawalary bolsa artýar. Los-Anjelesde bolsa, eýýäm Olimpiada hem görünip başlady. Isleg örän uly, teklipler bolsa çäkli. Syýahatçylara häzir bron etmegi maslahat berýärler — soň giç bolmagy mümkin. Mesele çempionatyň milliardlarça dollar girdeji getirjekdiginde däl. Elbetde, getirer. Mesele — bu pullaryň öweziniň näçe wagtda doljakdygynda we infrastruktura düşjek aşa agramyň bahasyny kimiň tölejekdiginde. Janköýerler ýaşamaga ýer gözleýän mahaly, şäherler uly stres ýagdaýyna we iş taşlaýan işçilere taýýarlanýarlar.