Red Magic brendi Hytaýda täze innowasion magnitli daşarky akkumulýator — Dao Energy Card Pro modelini tanyşdyrdy. Täze enjamyň esasy aýratynlygy batareýa elementlerini elektrik zynjyryndan doly aýyrmaga mümkinçilik berýän ýörite fiziki düwmäniň bolmagydyr. Bu funksiýa gyssagly öçüriji hökmünde işleýär we gysga utgaşma hem-de enjamyň gyzyp gitmek howpuny dessine aradan aýyrýar.
Şeýle konstruktorçylyk çözgüdi Hytaýda kabul edilen täze berk döwlet howpsuzlyk standartlary bilen baglydyr. Ýakynda ýurtda göçme akkumulýatorlar üçin hökmany milli düzgünnama güýje girdi. Bu resminama Huawei, Xiaomi we Anker ýaly 30 sany iri IT kompaniýasynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda işlenip düzüldi. Täze düzgünler gajetleriň ýylylyga çydamlylygy we mehaniki berkligi boýunça talaplary ep-esli güýçlendirdi.
Ýokary howpsuzlyk derejesinden başga-da, pauerbank premium dizaýna eýe boldy. Onuň awiasiýa derejesindäki metal korpusy uly reňkli LCD ekran bilen üpjün edildi. Adaty LED indikatorlarynyň ýerine ekran enjamyň ýagdaýy barada doly maglumat berýär. Ulanyjy dartgynlylygy, toguň güýjüni, batareýanyň temperaturasyny we hatda zarýad tapgyrlarynyň sanyny hem aňsatlyk bilen yzarlap bilýär.
Enjam 45 wattlyk çalt simli zarýad bermegi we 25 wattlyk simsiz zarýad bermegi goldaýar. Gajetiň halkara bazaryna çykjak senesi we satuw bahasy öndüriji tarapyndan soňrak yglan ediler.
ORIENT
