18-nji maýda Emirates awiakompaniýasy Al-Maktum halkara howa menzilinde (DWC) ägirt uly inženerçilik toplumynyň gurluşygyna resmi taýdan badalga berdi. Bahasy 5,1 milliard ABŞ dollaryna deň bolan taslamany Hytaýyň Demir ýol gurluşygy korporasiýasy amala aşyrýar. Täze merkez global awiasiýanyň uçarlara tehniki hyzmat etmek boýunça geljekki zerurlyklaryny doly üpjün etmäge niýetlenendir.
Täze desganyň meýdany rekord derejede — 1,1 million inedördül metre deň bolar. Bu bolsa ony göwrümi boýunça dünýäniň iň iri binalarynyň birine we Ýakyn Gündogardaky iň uly polat gurluşyna öwürer.
Toplumyň esasy aýratynlygy uzynlygy 285 metre ýetýän ägirt uly diregsiz angar bolar. Ol dünýäde iň uzyn angar hökmünde tanalar. Umuman alanyňda, mega-toplum şol bir wagtyň özünde 28 sany giň göwrümli ýolagçy uçaryny kabul edip biler. Bu bolsa täze nesliň iň uly ýolagçy uçarlaryna hyzmat etmäge mümkinçilik berer.
Esasy abatlaýyş doklaryndan başga-da, merkeziň çäginde uçarlary reňklemek üçin iki sany döwrebap angar, ätiýaçlyk şaýlaryny öndürmek we hyzmat etmek üçin 77 müň inedördül metrlik ýöriteleşdirilen meýdançalar, şeýle hem logistika we ammar üçin 380 müň inedördül metrlik desgalar gurlar.
Gurluşygyň 2030-njy ýylyň ortalaryna çenli tamamlanmagy meýilleşdirilýär. Şondan soň bu ýerde giň gerimli abatlaýyş işleri başlanar. Ilkinji döwürde DWC howa menzilindäki täze merkez Emirates kompaniýasynyň Dubaýyň esasy howa menzilindäki (DXB) häzirki mümkinçilikleriniň ýüküni ýeňilleşdirer we uçarlaryň düýpli tehniki hyzmaty boýunça iň çylşyrymly işleri öz üstüne alar.
ORIENT
