
Aşgabatda 19-21-nji maý aralygynda Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) Sekretariatynyň goşulmak meseleleri boýunça missiýasynyň Maýka Oşikawanyň we Anna Warýanigiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň sapary amala aşyrylýar. Saparyň esasy maksady — Türkmenistanyň ählumumy söwda ulgamyna goşulmak işiniň çäklerinde mundan beýläk-de ädilmeli amaly ädimleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.
Bu saparyň aýratyn ähmiýeti bar: ol agza bolmak işiniň häzirki tapgyryna jikme-jik seretmäge, ileri tutulýan ugurlar boýunça pikir alyşmaga we hyzmatdaşlygy öňe sürmek üçin anyk çäreleri utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem bu wekiliýet BSG-niň Sekretariatynyň Türkmenistanyň bu ýoldaky tagallalaryna goldawynyň dowam edýändiginiň subutnamasydyr.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri bilen netijeli duşuşyklar geçirildi. Şeýle hem BSG-niň wekilleri ýurduň Gurama agza bolmagy bilen bagly meselelere jogapkär bolan Pudagara utgaşdyryjy toparyň agzalary bilen gepleşikler geçirdiler.
Taraplaryň üns merkezinde häzirki wagtda alnyp barylýan işler, şol sanda Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni baradaky Ähtnamasynyň taslamasynyň ýakyn wagtda BSG-niň Sekretariatyna gowşurylmagy bilen bagly meýilnamalar boldy. Bu resminamanyň gowşurylmagynyň täze kuwwatly itergi berjekdigine we işiň has işjeň tapgyryna — köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn gepleşiklere geçmäge mümkinçilik berjekdigine garaşylýar.

BSG-niň Sekretariatynyň wekilleri taýýarlanylan Ähtnamanyň taslamasynyň hemmetaraplaýyn häsiýetine we ýokary hiline uly baha berdiler. Wekiliýetiň ýolbaşçysy Maýka Oşikawa özüniň BSG-a goşulmak boýunça 20-den gowrak iş tejribesinde mundan ozal beýle hemmetaraplaýyn we ýokary hilli taýýarlanylan ähtnama duş gelmändigini aýratyn nygtady.
Bu strategik resminamanyň Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň utgaşdyrmagynda hem-de ýurduň degişli ministrlikleri we döwlet edaralary bilen ýakyn we netijeli hyzmatdaşlykda işlenip düzülendigi aýratyn bellenildi.
Maýka Oşikowa, şeýle hem, Türkmenistanyň milli kanunçylygyny BSG-niň düzgünlerine we kadalaryna laýyk getirmek boýunça alyp barýan ugurdaş işleriniň ähmiýetine ünsi çekdi. Şunlukda, bilermenler bäsdeşlik meselelerini, söwdany goramak çärelerini, standartlaşdyrmagy we tehniki kadalaşdyrmagy öz içine alýan esasy ugurlar boýunça işlenip düzülen täze kanun taslamalaryny aýratyn görkezdiler.
Bu işler BSG-niň agzalary bilen geçiriljek gepleşikleriň geljekki tapgyrlary üçin örän möhüm diýlip bellenildi, sebäbi olar ýurduň hukuk we institusional binýadyny göni berkitmäge hyzmat edýär.

Mundan başga-da, wekiliýetiň saparynyň çäklerinde ösüş boýunça hyzmatdaşlar we donorlar bilen duşuşyklar geçirildi. Taraplar geljekki özara hereketleriň mümkin bolan ugurlaryny: tehniki ýardamy, mümkinçilikleri artdyrmak boýunça maksatnamalary, bilermenlik goldawyny we milli institutlaryň pugtalandyrylmagyny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.
Geçirilen duşuşyklaryň ählisi örän giň gerimli meseleleri öz içine alyp, netijeli we konstruktiw ýagdaýda geçdi. Wekiliýet öz işini tehniki duşuşyklaryň jemleýji gününiň çäklerinde dowam eder. Gutarnykly maslahatlaşmalaryň indiki ädimlerdäki amaly çärelere, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna we tehniki goldawyň görnüşlerine gönükdirilmegine garaşylýar.
BSG-niň Sekretariatynyň goşulmak meseleleri boýunça bölüminiň Aşgabada amala aşyran sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde örän möhüm ädim boldy. Ol netijeli utgaşdyrmaga ýardam berýär, esasy resminamalaryň taýýarlanylmagyny goldaýar, milli kanunçylygyň uýgunlaşdyrylmagyny öňe sürýär we mundan beýläk-de amala aşyryljak tehniki özara hereketleriň ugurlaryny anyk kesgitleýär.