Iň täze habarlar

"Eksporty ösdürmek" bölümine hoş geldiňiz!

Bu bölümde “Eksport hyzmat” maslahat beriş kärhanasynyň hünärmenine eksport işi barada sorag berip, oňa 24 sagadyň dowamynda jogap alyp bilersiňiz.

Munuň üçin “Hünärmene sorag” atly düwmä basyp, formany doldurmaly.

Şeýle hem bu bölümimizde "Köp soralýan soraglary" görüp bilersiňiz. Belki, olaryň arasynda siziň berjek soragyňyza jogap bardyr.

EKSPORT DIÝMEK NÄME

Eksport diýmek näme?

Eksport diýmek bir ýurtdan beýleki ýurda harytlary we hyzmatlary satmak ýa-da üpjün etmekdir.

Eksportyň esasy görnüşleri haýsylar?

Iki esasy görnüş bar: gönüden-göni eksport haçan-da kompaniýanyň özi daşary ýurtlara harytlaryny satanda we başga kompaniýalaryň araçylyk hyzmatlaryny ulanmak bilen amala aşyrylýan göni däl eksport.

Onlaýn eksport näme?

Onlaýn eksport internet platformalary arkaly daşary ýurtlarda harytlaryň we hyzmatlaryň satylmagydyr. Bu kompaniýalara bazarlarda fiziki barlygyň zerurlygy bolmazdan, eksport prosesini ýönekeýleşdirmek we onuň bilen baglanyşykly çykdajylary azaltmak bilen daşary ýurtly müşderiler bilen işleşmäge mümkinçilik berýär.

Kompaniýa üçin eksport etmegiň artykmaçlyklary näme?

Eksport satuwy artdyryp, bazarlary giňeldip we içerki bazara garaşly bolmagyny azaldyp biler.

Eksport etmek haýsy töwekgelçiliklerine bagly?

Walýutanyň üýtgemegi, gümrük päsgelçilikleri (böwetleri), import edýän ýurtdaky syýasy durnuksyzlyk we kanunçylyk babatyndaky tapawutlar eksport etmek işiniň töwekgelçilikleri diýip hasaplanylýar.

EKSPORT ETMEGI NÄDIP BAŞLAMALY

Harytlaryň eksportyny nädip başlamaly?

Bazary öwrenmek, potensial alyjylary gözlemek we tapmak, önümleri import edýän ýurduň talaplaryna we ülňülerine laýyklaşdyrmak we önüm şahadatnamalaryny almak bilen zerur resminamalary taýýarlamak arkaly eksporta başlap bilersiňiz. Şeýle hem logistika we harytlary eltip bermek strategiýasyny işläp düzmek möhümdir.

Eksport üçin haýsy resminamalar talap edilýär?

Hasap-faktura, ulag resminamalary, gelip çykyş şahadatnamasy we zerur bolsa ygtyýarnamalar we rugsatnamalar.

Haýsy halkara şertnamalary eksport işine täsir edýär?

Eksport işine Bütindünýä Söwda Guramasy (BSG), sebit söwda şertnamalary we ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn şertnamalar täsir edip biler.

Halkara bazarlarynda Türkmenistandan haýsy önümlere isleg bildirilýär?

Türkmenistan tebigy gazy, nebit önümlerini, dokma, pagta we azyk önümlerini, oba hojalyk önümlerini eksport edýändigi bilen tanalýar. Hususy önümçilik kompaniýalary köplenç oba hojalyk önümlerini (gök önümler, esasanam pomidor), azyk önümlerini (konditer önümleri) we ýeňil senagat önümlerini (plastmassa önümlerini goşmak bilen) eksport edýärler.

Türkmen hususy kompaniýalar tarapyndan öndürilen önümleri haýsy ýurtlara eksport edilýär?

Türkmenistanda hususy kompaniýalar tarapyndan öndürilen önümler Hytaý, Türkiýe, Russiýa we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary ýaly dürli ýurtlara eksport edilýär. Eksport dokma, azyk we nebithimiýa önümleri ýaly köp sanly harytlary öz içine alýar.

Daşary ýurtda alyjyny nädip tapmaly?

Daşary ýurtdan alyjylary gysga möhletde tapmak üçin kompaniýalar B2B we B2C onlaýn platformalary ulanyp bilerler, halkara sergilere we ýarmarkalara gatnaşyp bilerler, şeýle hem eksport geňeşçileriniň, wekilleriniň we distribýutorlarynyň hyzmatlaryndan peýdalanyp bilerler. Netijeli marketing strategiýasy we halkara gözleg gurallary üçin SEO optimizasiýasy hem daşary ýurtly müşderileri çekmäge kömek eder.

EKSPORT MASLAHAT BERIŞ HYZMATY

Eksport maslahat beriş hyzmaty näme?

Eksport maslahat beriş hyzmaty kompaniýalaryň halkara bazarlaryna çykmak tagallalarynda goldaw bermek üçin hödürlenýän hyzmatlaryň bir görnüşidir. Bu hyzmatlar şahsylaşdyrylan (indiwidual) maslahaty, gerekli pudagyň tendensiýalaryny seljermesini we belli zerurlyklara we pudaklara laýyk gelýän eksport strategiýalaryny düzmegi öz içine alýar.

Eksport maslahat beriş hyzmaty haýsy artykmaçlyklary berip biler?

Eksport geňeşçileri (maslahatçylary) dünýä bazarlary barada gymmatly maglumatlary berýärler, olar töwekgelçilikleri azaltmaga we netijeli kararlary bermek işlerini optimizirlemäge (gowylandyrmaga) kömek edýärler. Mundan başga-da, olar müşderi ulgamlaryny giňeldýärler we hyzmatdaşlygy ýola goýmakda goldaw berýärler, bu eýýäm köp kompaniýalar üçin eksport edilýän mukdarlarynyň ep-esli ýokarlanmagyna sebäp boldy.

Gerekli maslahatçyny nädip saýlamaly?

Maslahatçy saýlanyňyzda onuň halkara tejribesini, abraýyny we gyzyklanma döredýän pudak baradaky ýöriteleşdirilen (aýratyn) bilimlerini göz öňünde tutmaly. Ýerli bazary barada tejribä eýe bolan geňeşçiler esasanam ýerli şertleri we düzgünleri bilýänligi üçin has gymmatlydyr.

Eksport maslahatçylary (geňeşçileri) haýsy hyzmatlary hödürleýärler?

Eksport geňeşçileriniň hyzmatlary bazar derňewini, marketing we mahabaty, hyzmatdaşlary tapmagy we önümleri halkara bazarlaryna ýerlemegi öz içine alýar. Bazar gözleglerinden başlap, satuw amallaryna goldaw bermek ýaly giňişleýin çemeleşmäni üpjün edýärler.

Önümler üçin haýsy marketpleýsler maslahat berilýär?

Önümiň görnüşine we maksat bazaryna baglylykda eBay, Amazon, Etsy ýaly başga-da marketpleýsler maslahat berilip bilner. Platformany saýlamak önümiň aýratynlyklaryna we eksport strategiýasyna esaslanýar.