Duşenbe güni Hytaýyň günortasyndaky Haýnan welaýatynyň merkezi Haýkou şäherinde altynjy Hytaýyň halkara sarp ediş harytlarynyň sergisi (CICPE) açyldy. Bu sergi dünýä brendlerine öz önümlerini görkezmek we bütin dünýäden alyjylary çekmek üçin amatly meýdanmça boldy.
Hytaýyň halkara sarp ediş harytlarynyň sergisi — Hytaýda milli derejedäki ýeke-täk we Aziýa-Ýuwaş umman sebitindäki iň uly sarp ediş harytlarynyň sergisidir. 2021-nji ýylda esaslandyrylanyndan bäri, bu sergi transmilli korporasiýalar üçin Hytaýyň ägirt uly bazaryndaky sarp ediş meýilleri bilen tanyş bolmaga mümkinçilik berýän möhüm meýdança öwrüldi. Soňky bäş ýylyň dowamynda oňa 92 ýurtdan we sebitden 3800-den gowrak kärhana hem-de 12 000-den gowrak brend gatnaşdy.
Şu ýyl sergi şenbe gününe çenli dowam eder we oňa 60-dan gowrak ýurtdan we sebitden 3400-den gowrak brendi bir ýere jemleýär.
Bu sergi Ählihytaý halk wekilleriniň ýygnagy tarapyndan milli ykdysady we durmuş ösüşiniň 15-nji bäş ýyllyk meýilnamasy (2026-2030-nji ýyllar üçin) tassyklanandan soňra Hytaýda geçirilýän ilkinji iri göwrümli sergidir. Şeýle-de bu, 2025-nji ýylyň dekabrynda Hytaý tarapyndan bütin Haýnan adasy boýunça ýörite gümrük amallary girizileninden bäri Haýnanda geçirilýän ilkinji sergi bolup durýar.
Syýasy höweslendirmeleriň netijesinde, şu ýylky sergä gatnaşýan halkara eksponentleriň sany geçen ýyl bilen deňeşdirilende 20 göterim artdy we olar umumy gatnaşyjylaryň 65 göterimini emele getirdi.
Sergi tarapyndan döredilen, içerki we halkara bazarlaryny birleşdirýän “köpri” arkaly has köp sanly halkara eksponentleri ösüş üçin täze mümkinçilikleri gözläp, Hytaýa gelýärler. Ilkinji gezek hormatly myhman hökmünde çykyş edýän Kanada 400 inedördül metr meýdany bolan pawilýon gurnady we öz önümlerini görkezmek üçin 40-a golaý kanadaly kompaniýalaryny çekdi.
Şu ýyl “Täze mümkinçilikleri açmak, has gowy durmuşy döretmek” şygary astynda geçirilýän Hytaýyň halkara sarp ediş harytlarynyň sergisi dürli çäreleri, şol sanda sergileri, täze önümleriň tanyşdyrylyşyny hem-de üpjün edijiler bilen alyjylaryň arasynda işewür gatnaşyklary ýola goýmak boýunça çäreleri hödürleýär.
Eksponentleriň we alyjylaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin, şu ýylky sergide halkara premýum önümleri görkeziler hem-de “Hytaýda söwda” we “Hytaýa eksport” başlangyçlarynyň çäginde transmilli kompaniýalar üçin işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak çäreleri guralar.
Haýnan erkin söwda zolagynyň ösüşini goldamak maksady bilen, onuň çäginde Haýnan erkin söwda zolagynyň sarp edişe we syýasatyna bagyşlanan çäre hem geçiriler. Bu bolsa halkara kompaniýalaryna Hytaýa maýa goýmak we iş alyp barmak üçin meýdaçany döreder.
Şu ýyl “ilkinji gezek tanyşdyrylýan önümlere” aýratyn üns berilýär: dünýä derejesindäki täze önümleriň tanyşdyrylyşy, Aziýa-Ýuwaş umman sebitindäki premýeralar we Hytaýda ilkinji gezek görkezilýän harytlar köp sanly ýokary hilli önümleri, öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion gazanylanlary hödürlär. Bu bolsa sergini dünýä derejesindäki moda meýillerini yzarlaýanlar üçin “başlangyç nokady” we “hökman barylmaly ýer” hökmünde görkezýär.