Hytaýda garraýan jemgyýetiň zerurlyklarynyň artýan şertlerinde dyz agyrylary çynlakaý mesele bolup durýar. Lukman Wan Ýu tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Şanhaý hirurglar topary innowasion çözgüt — täze dünýä standartyny kesgitläp biljek rewolýusion, metalsyz implanty işläp taýýarlaýar.
PEEK materialyndan ýasalan modully dyz protezi — bu häzirki zaman polimerinden öndürilen, metal goşundysy bolmadyk emeli bogun bolup, “ýumşakdan-ýumşaga” diýen täze düşünjä esaslanýar. Ol lukman Wanyň we onuň kärdeşleriniň on ýyllyk yzygiderli ylmy barlaglaryň netijesidir.
«Biziň esasy täzeligimiz — metalyň ýerine PEEK ulanmakdyr. Ol süňk dokumasy bilen has gowy utgaşýar. Onuň gatylygy adam süňküniň gatylygyna meňzeş bolup, berk metal implantlaryň töwereginde süňk dokumasynyň ýitmegine sebäp bolýan “stress shielding” täsirini azaldýar. Emma iň uly artykmaçlygy diagnostikadadyr. Metal KT we MRT şekillerinde uly ýoýulmalary döredýär, PEEK bolsa görünmeýär diýen ýaly. Bu bize bogny we onuň töweregindäki dokumalary anyk görmäge mümkinçilik berýär, şeýlelikde ýokanç keseller ýa-da çişme ýaly meseleleri ir ýüze çykaryp, bejermäge ýardam edýär», — diýip, Şanhaýdaky Renji hassahanasynyň baş ortopedi we Hytaýyň Milli möhüm ylmy-barlag maksatnamasynyň baş alymy, lukman Wan aýtdy.
Emma metaly çalyşmak üçin implant agyr synaglardan geçirilmelidi. Sertifikatlaşdyrylan barlaghanalarda oňa onýyllyklaryň ulanylyşyny simulirleýän synaglar geçirildi we onuň berkligi hem-de uzak möhletleýin çydamlylygy halkara ýokary standartlara laýyklykda tassyklandy.
«Biziň ýadawlyga garşy synaglarymyz millionlarça tapgyry simulirleýär we adam bedeniniň agramyndan bäş esse ýokary güýçleri ulanmak arkaly onuň uzak möhletli durnuklylygyny subut edýär. Şeýle hem könelme synaglary onuň ýokary berkligini görkezýär. Mundan başga-da, biz onuň şöhle bejergisindäki netijeliligini hem tassykladyk. Metal implantlar şöhlelenmäni böwetleýär, bu bolsa rak keseli bilen kesellän näsaglaryň bejergisine zyýan ýetirýär. Biziň synaglarymyz PEEK materialynyň päsgelçilik döretmeýändigini görkezýär, bu bolsa sagdyn dokumalara zyýan ýetirmezden takyk we täsirli bejergini amala aşyrmaga mümkinçilik berýär», — diýip, lukman Wan aýtdy.
Bu üstünlik hyzmatdaş kärhanalarynyň gokdawy bilen lukmançylyk, inženerçilik we senagat önümçiliginiň ýakyn hyzmatdaşlygynyň netijesidir.
«Bu üstünlige ýetmek üçin güýçli hyzmatdaşlyk zerur boldy. Ilki bilen lukmanlar kliniki zerurlygy kesgitleýärler. Soňra inženerler tehniki päsgelçilikleri çözmek üçin ylmy çözgütleri hödürleýärler. Ahyrynda bolsa hyzmatdaş kärhana çylşyrymly önümçilik prosesini kämilleşdirýär. Lukman hökmünde ähli innowasiýa zynjyryna gatnaşmak — kliniki meseläni çözmek we näsaglara kömek edýän ýokary hilli önümi döretmek — iň uly sylagdyr», — diýip, lukman Wan aýtdy.
PEEK materialyndan ýasalan emeli bogun milli innowasion lukmançylyk enjamy hökmünde ykrar edildi. Ýakyn wagtda düzgünleşdiriji edaralardan rugsat almagyna garaşylýar we topar häzirki wagtda implanty has-da kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirýär.
«Geljek modifikasiýa edilen PEEK bilen bagly. Biz süňküň implantyň içine göni ösmegine mümkinçilik berýän bioaktiw üsti döredýäris, bu bolsa has berk biologiki baglanyşygy üpjün eder. Emma iň soňky maksat — akylly implantdyr. Biz onuň içine işleýiş we könelme baradaky maglumatlary geçirýän datçikleri ýerleşdirmek isleýäris. Bu ortopediýany uly maglumatlaryň seljeriş döwri bilen baglanyşdyrar», — diýip, lukman Wan aýtdy.
On ýyllyk barlaglardan soň lukman Wan Ýunyň garaýşy hakykata öwrüldi: dünýäde ilkinji PEEK materialyndan ýasalan modully dyz protezi döredildi. Metalsyz, süňk bilen utgaşykly we diagnostika taýdan amatly gurluşy ortopediýa ylmynyň geljegine — akylly we biointegrirlenen lukmançylyga ýol açýar.
Bu ösüş Hytaýyň lukmançylyk pudagynda dünýä derejesinde täze standartlary kesgitleýändigini görkezýär.