Hytaýyň logistika we satyn alyş federasiýasynyň anna güni çap eden maglumatlaryna görä, Hytaýyň logistika pudagy 2026-njy ýylyň ilkinji iki aýynda ynamly ösüş görkezdi. Ýanwar-fewral aýlarynda logistika hyzmatlarynyň göwrümi 58,6 trillion ýuana (takmynan 8,5 trillion ABŞ dollary) ýetdi, bu bolsa deňeşdirilýän nyrhlarda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,7 göterim köpdür. Bu görkeziji pudagyň görnetin dikelýändigine şaýatlyk edýär.
Gurluş taýdan seredilende, içerki önümçiligiň we sarp edişiň logistikasy gowulandy, şeýle hem halkara import logistikasyna bolan isleg artdy. Şunda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ähli pudaglarda ösüş depginleri çaltlandy.
Senagat harytlarynyň logistikasynyň göwrümi ilkinji iki aýda ýyllyk hasaplamada 6,3 göterim ýokarlandy. Logistika hyzmatlarynyň umumy ösüş göwrüminiň 80 göteriminden gowragy hut şu pudagyň paýyna düşdi. Aýratyn hem ýokary tehnologiýaly maşyngurluşyk pudagy — şol sanda kompýuterleriň, aragatnaşyk serişdeleriniň we beýleki elektron enjamlaryň önümçiligi, şeýle hem demir ýol, gämi gurluşygy we aerokosmos pudaglary ýokary görkezijileri eýelediler. Bu ugurlarda ösüş depginleri 10 göterimden geçdi.
Hytaýyň logistika we satyn alyş federasiýasynyň wise-prezidenti He Hueý logistika hyzmatlaryna bolan islegiň görnetin dikelýändigini we gurluşyň yzygiderli kämilleşýändigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, logistika amallarynyň şowly badalga almagy üçin esaslar barha berkidilýär.
Mundan başga-da, ýylyň ilkinji iki aýynda korporatiw we hojalyk harytlary üçin logistika hyzmatlarynyň umumy göwrümi ýyllyk hasaplamada 9,4 göterim artdy. Muňa işewürligiň täze görnüşleriniň — mysal üçin, dessine eltip bermek hyzmaty bolan onlaýn söwdanyň ösmegi ýardam etdi. Bu bolsa sarp ediş logistikasynyň täze görnüşlerine bolan islegiň durnukly ösmegine netijeli itergi berýär.