Anna güni Şanhaýda 2026-njy ýylyň Ählumumy täzelikçi işläp düzüjiler sammiti açyldy. Üç günlik çäre Sýuhueý sebitinde geçirilýär we şäheriň emeli aň ulgamynda ählumumy innowasiýa merkezine öwrülmek ugrundaky maksatlaryny görkezmäge gönükdirilendir. Maksatnamada — bäsleşikler, ussatlyk sapaklary, interaktiw we karnawal dabaralary bar.
Sammitde iň döwbap tehnologiýalara aýratyn üns berilýär. Hususan-da, açyk deskaply kodly «OpenClaw» emeli aň agentini öwrenmek üçin ýörite bölüm, şeýle hem öňdebaryjy adamşekilli robotlaryň görkezilişi guraldy.
Sergä gatnaşyjylaryň arasynda Şanhaýyň robototehnika üçin ilkinji ýöriteleşdirilen senagat seýilgähleriniň biri bolan Çžanszýan Robot jülgesinde esaslandyrylan «Robo Party» kompaniýasy bar. Kompaniýa doly açyk, iki aýakly adamşekilli robotlary işläp düzýär. Çärede olar özleriniň 1,2 metr boýly «Roboto» görnüşini tanyşdyrýarlar.
«Robo Party» kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri we dizaýn bölüminiň ýolbaşçysy Lu Szýunsze olaryň robotlarynyň ýörite işläp düzüjiler üçin döredilendigini düşündirdi. Maşynlaryň diňe bir täsirli mümkinçiliklerini görkezmäge üns berýän köp sanly kompaniýalardan tapawutlylykda, «Robo Party» pudagy seljerýär we tehniki jikme-jiklikleri, goýberilen ýalňyşlyklardan alnan sapaklary hem-de hakyky isleglere bolan düşünjäni açyk paýlaşýar.
Sammitiň ýene bir möhüm ugry — uly dil modelleridir. Emeli aň üçin programma üpjünçiligini işläp düzýän Hytaýyň öňdebaryjy «SenseTime» kompaniýasy ses tehnologiýalary babatda iki sany täzeligi hödürledi. Bular: «AudioClaw» programma üpjünçiligi — köp modally uly modele esaslanýan akylly maglumat giriziş usuly, şeýle hem «SenseAudio» açyk sesli emeli aň platformasydyr.
«SenseTime» kompaniýasynyň ses we interaktiw modeller toparynyň ýolbaşçysy Çžan Minsze «OpenClaw» ulgamynyň maglumat giriziş usullary we maslahatlar üçin kömekçiler bilen utgaşdyrylmagynyň «leňňeç» diýlip atlandyrylýan şahsy emeli kömekçisini döretmäge mümkinçilik berýändigini belledi.
«Leňňeç ýetişdirmek» termini Hytaýyň «OpenClaw» emeli aň agentiniň saýasynda döräpdir: onuň şekiljigi hökmünde gyzyl leňňeç hyzmat edýär. Häzirki wagtda bu hytaýly ulanyjylaryň arasynda akylly kömekçini sazlamak we öwretmek prosesini aňladýan döwbap jümledir.
Guramaçylar «SenseTime» we «China Telecom» (Hytaýyň üç sany iň iri aragatnaşyk operatorynyň biri) ýaly birnäçe kompaniýalar bilen hyzmatdaşlykda «leňňeç ýetişdirmek» tejribesini doly duýmak üçin ýörite zolagy döretdiler. Gatnaşyjylar 30 minutdan az wagtyň içinde özleriniň hususy «emeli leňňejini» döredip we oňa «dogluş hakyndaky şahadatnamany» alyp bilerler.