Penşenbe güni Çžunguansun 2026 forumynyň (ZGC Forum) çäklerindäki kiçi forumda Hytaýyň Ylymlar akademiýasy (CAS) dünýäde uly ykrarnama eýe bolup başlan RISC-V — çeýe we netijeli açyk deslapky kodly prosessor arhitekturasy babatda gazanylan iri üstünlikler barada mälim etdi.
Çäräniň dowamynda iki sany ähmiýetli gazanylan netije tanyşdyryldy. Ýokary öndürijilikli, açyk deslapky kodly RISC-V “Xiangshan” prosessor ulgamy täze halkara rekordyny goýdy. Onuň düzümine dünýäde ilkinji bolan, kristaldaky açyk deslapky kodly toruň IP – blogy girizildi.
Hytaýyň Ylymlar akademiýasy Hasaplaýyş tehnologiýalary institutynyň ylmy işgäri Bao Ýungan “Xiangshan” prosessor ýadrosynyň häzirki wagtda öndürijilik boýunça dünýäde iň gowularyň hataryna girýändigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, eýýäm birnäçe kompaniýalar bu ýadro esasynda hakyky mikroshemalary işläp düzýärler. Açyk deslapky kodly taslamalaryň barlaghanalardan önümçilige geçmeginiň esasy şertleri hökmünde hakyky bazaryň islegi, ýokary derejeli barlagy we hili görkezildi.
Mundan başga-da, “Ruyi” atly natiw (ýörite belli bir platforma üçin işlenip düzülen) RISC-V operasion ulgamy halkara ýokary öndürijilikli RVA23 standartyny goldaýan ilkinji ulgam boldy.
“Xiangshan” we “Ruyi” bilelikde Hytaýyň ýolbaşçylygynda “RISC-V” açyk programma üpjünçiligini işläp düzüjileriň iki sany bileleşigini emele getirdi. Häzirki wagtda hytaýly ylmy-barlag toparlary “RISC-V” ulgamynyň doly işleýän düzüji ulgamyny döretdiler. Bu bolsa ýurduň açyk deslapky kodly tehnologiýalaryň ählumumy standartlarynyň kemala gelmegine bolan täsirini güýçlendirýär.
“ZGC 2026” forumy Pekinde ýekşenbe gününe çenli dowam eder we ol “Tehnologik we senagat innowasiýalarynyň doly integrasiýasy” temasyna bagyşlanandyr. 2007-nji ýylda esaslandyrylan gününden bäri bu çäre ylmy-tehnikasy innowasiýalary öňe sürmekde iri halkara wakasyna öwrüldi.