Sişenbe güni 2026-njy ýylyň güýz/gyş möwsüminiň Şanhaý moda hepdeligi başlandy. Bu çäre Hytaýyň moda pudagynyň ýagdaýynyň esasy görkezijisine öwrüldi we şäherde işjeň sarp ediş gurşawyny döretdi, sebäbi sarp edijiler geýimleri hiç hili kynçylyksyz görüp, sargyt edip we satyn alyp bilýärler.
Agşamara Taýpin kölüniň golaýynda, Sintýandi sebitindäki görkeziliş meýdançasy yşyklar bilen ýagtylandyryldy. Açylyş dabarasynda tor matasy kolleksiýanyň merkezi elementi boldy — nepis biçüw hem-de ýagtylyk we kölege oýny tomaşaçylara modanyň hyýaly dünýäsini hödürledi.
Podiýumdan daşary söwda sahnasy hem janlandy. Aziýanyň sargytlara gönükdirilen iň iri moda hepdeliginiň merkezi wakasy bolan “MODE Shanghai Fashion Trade Show” sergisi bütin dünýäniň ünsüni çekdi. Gatnaşýan brendleriň ýarysyndan gowragy daşary ýurtlardan geldi. Täze gatnaşyjylar we gaýtadan dolanyp gelenler oňyn netijeleri bellediler.
Sergä gatnaşýan fransuz wekilleri Şanhaý moda hepdeliginiň meşhur halkara bölek satuw torlaryndan alyjylary özüne çekýän halkara platformadygyny nygtadylar. Olaryň aýtmagyna görä, eýýäm birnäçe halkara alyjylar sargytlaryny ýerleşdirdiler.
Günorta koreýaly wekiller Hytaýyň, aýratyn-da Şanhaýyň köp sanly müşderisi bolan uly ýurtdugyny, şonuň üçin hem bu çärä gatnaşmak kararyna gelendiklerini bellediler. Italiýaly dizaýnerler bolsa moda hepdeligine goşulan günlerinden bäri hünär taýdan uly ösüşiň bardygyny aýtdylar: ýerli alyjylar saýlap-seçiji bolup, harytlary sarp edijiniň nukdaýnazaryndan baha berip saýlaýarlar.
Russiýaly dizaýnerler täze taslamalar üçin ylham gözläp Şanhaýa geldiler. Hytaýyň dürli sebitlerinden gelen ýerli alyjylar hem bu wakada işjeňlik görkezýärler. Uhan şäherinden (Hubeý welaýaty) gelen bir alyjy moda dünýäsinde “gara atlara” duş gelmäge umyt edýändigini aýtdy. Ninbo şäheriniň (Çžeszýan welaýaty) wekili bolsa Şanhaýyň moda pudagy özi üçin uly özüne çekijilik güýjüne eýedigini we täzelikleriň kömegi bilen sarp ediş bazaryny janlandyrmaga ýardam edýändigini belledi.
Ýylyň ilkinji iki aýynda Şanhaýda geýim we aksessuar sarp edilişi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 11 göterim ýokarlandy. Öňümizdäki hepdede şäheriň iň döwbap ýerlerinde debýut kolleksiýalaryň görkezilişleri, sargyt ýarmarkalary, pudaklaýyn forumlar we brendleriň sergileri geçiriler.
Şanhaý moda hepdeliginiň Guramaçylyk komitetiniň direktory Szi Şenszýun 1 000-e golaý debýut we premýeranyň, şeýle hem podiýumda 100-den gowrak görkezilişiň meýilleşdirilendigini habar berdi. Onuň sözlerine görä, moda hepdeliginiň platformasy bütin moda pudagyna, aýratyn-da Şanhaýa itergi bermelidir we sarp ediş bilen berk baglanyşyk döretmelidir.