Sişenbe güni Hytaýyň demirgazygyndaky Týanszin şäherinde ýetginjekleriň arasynda uşu boýunça 10-njy dünýä çempionaty açyldy. 26-30-njy mart aralygynda geçirilýän ýaryşlar bu adaty söweş sungatynyň halkara derejesinde barha artýan meşhurlygyny görkezýär.
Bäsleşiklere 78 ýurtdan we sebitden 666 sany ýaş türgen gatnaşýar. Gatnaşyjylar üç ýaş derejesine bölünýärler: çagalar, ýetginjekler we ýaşlar.
Jemi 83 sany altyn medal ugrunda göreşiler. Olaryň 66-sy taolu (görkezme çykyşlary) ugurlary boýunça, 17-si bolsa sanda (doly galatşykly söweş) ugurlary boýunça bolar.
Çempionat 2026-njy ýylda Dakarda geçiriljek ýaşlar Olimpiýa oýunlaryna milli ýygyndynyň düzümini saýlap almak we taýýarlyk görmek üçin möhüm tapgyr bolup hyzmat edýär. Mundan başga-da, ol bar bolan türgenleşik maksatnamalarynyň netijeliligine baha bermäge mümkinçilik berýär.
Dürli ýurtlardan gelen gatnaşyjylar çäre baradaky täsirleri bilen paýlaşdylar. Alty ýyldan bäri uşu bilen meşgullanýan germaniýaly türgen Benžamin bu sportuň dürlüligini we daşary ýurtlarda dost tutunmak mümkinçiligini belledi. Argentinaly gatnaşyjy Patrisio bolsa bütin dünýäden gelen adamlar bilen bäsleşmegiň we gymmatly tejribe toplamagyň özi üçin uly şatlykdygyny aýtdy.
Halkara uşu federasiýasynyň ilçisi U Szin uşunyň diňe bir sport däl, eýsem serhetara gatnaşyklaryň dili bolup durýandygyny nygtady. Onuň sözlerine görä, gatnaşyjylar öz ýurtlaryna dolananlarynda hytaý medeniýeti baradaky ýatlamalary hem özleri bilen alyp giderler.
Guramaçylar ýaryşyň bäsdeşlik ukybyňy ýokarlandyrmak üçin birnäçe täzelikleri girizdiler. Ilkinji gezek taolunyň meşhur üç ugrunda — ýetginjek oglanlaryň arasynda çansýuan, ýetginjek oglanlaryň arasynda gunsýu we ýetginjek gyzlaryň arasynda çansýuan ugurlarynda deslapky we final tapgyrlarynyň ulgamy ulanyldy. Türgenler deslapky toparlarda bäsleşýärler we her topardan iň gowy 12 türgen finala çykýar.