Hytaý dürli pudaklaryň ösüşini üpjün etmek we ýokary hilli ösüşi goldamak maksady bilen hasaplaýyş infrastrukturasyny giňeldýär, sebäbi emeli aňyň ähli goşundylary ýokary öndürijilikli hasaplamalara baglydyr.
Pekiniň demirgazyk-gündogar böleginde emeli aň üçin hasaplaýyş kuwwatlyklarynyň parky emele geldi.
«Biziň esasy wezipämiz üç bölekden ybarat. Birinjiden, dürli pudaklar üçin durnukly akylly hasaplaýyş hyzmatlaryny hödürleýän ykdysady taýdan netijeli we ulanmaga taýýar emeli aň “zawodlaryny” döredip, emeli aň infrastrukturasyny täzeden gözden geçirmek. Ikinjiden, emeli aň bilen senagatyň arasynda köpri bolup çykyş edip, emeli aň mümkinçilikleriniň hakyky öndürijilige öwrülmegini çaltlandyrmak. Üçünjiden, hyzmatdaşlarymyza elýeterli hasaplaýyş kuwwatlyklaryny we amaly ýagdaýlary hödürläp, açyk ekoulgamy ösdürmek arkaly emeli aňyň esasy pudagynyň ösüşini höweslendirmek», — diýip, Pekiniň Sanly ykdysadyýetiniň Emeli aň maglumat merkeziniň marketing direktory Jeýms Ýang aýtdy.
Toplumyň içinde ýerli önümçiliginiň emeli aň serwerleriniň hatarlary tertipli ýerleşdirilipdir. Bu ýerde ýüzlerçe petaflops (sekuntda ýüzýän nokatly amallaryň sany) bilen ölçelýän hasaplaýyş kuwwatlyklary ýerleşýär, bu bolsa şol bir wagtda işleýän million sany ýokary öndürijilikli kompýutere deňdir. Toplum
şeýle hem hasaplaýyş serişdelerini, algoritmleri, modelleri we emeli aň gurallaryny öz içine alýan doly emeli aň mümkinçiliklerini birleşdirýär. Ýokary tizlikli serwer klasterleri we hakyky wagtda meseleleriň paýlanyşy «hasaplaýyş kuwwaty» diýen abstrakt düşünjäni göze görnüp duran, ulanmaga taýýar sanly infrastruktura öwürýär.
«Adaty maglumat merkezleri köplenç ýapyk “gara gutular” ýaly bolýar — adamlaryň olaryň içinde näme bardygyny bilmeýär. Biz bolsa ýönekeý we düşnükli usullar arkaly jemgyýete emeli aňyň gündelik durmuşyny nädip üýtgedip biljekdigini görkezmek isleýäris», — diýip, Ýang aýtdy.
2025-nji ýylyň ahyryna çenli Hytaýyň umumy akylly hasaplaýyş kuwwaty 1590 EFLOPS-dan geçip, dünýäde ikinji orny eýeledi.
EFLOPS, ýa-da ExaFLOPS, hasaplaýyş öndürijiligini ölçemek üçin birlik bolup, olaryň her biri 1 kwintillion FLOPS-a deňdir.
Hasaplaýyş kuwwaty gündelik durmuşyň we senagatyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Öňdebaryjy önümçilikde we ylmy barlaglarda üýtgeşmeler pudaklaýyn modeller we akylly agent platformalary arkaly üpjün edilýär.
«Hasaplaýyş kuwwatyny suw ýa-da elektrik ýaly sanly esas hökmünde kesgitlemek aňsat. Emma bu ýeterlik däl. Emeli aň döwründe hakyky sanly esasy döretmegiň açary — tehnologiýalar, hyzmatlar we serişdeleri paýlamak boýunça bitewi ulgamlary gurmak arkaly uly bazaryň talaplaryny netijeli üpjün etmekden ybarat», — diýip, Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Kompýuter torlary we maglumat tehnologiýalary merkeziniň CSTCloud bölüminiň direktory Li Szinszin aýtdy.