Hytaýyň günortasyndaky Şençžen şäheri bilen Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň arasynda açylan göni ýük gatnawy logistika ulgamynda düýpli üýtgeşme döredýär, haýal ýerüsti daşamalaryň ornuny şol günüň özünde amala aşyrylýan howa gatnawlary bilen çalyşýar.
2025-nji ýylda ikitaraplaýyn söwda 10,46 milliard ABŞ dollaryna ýetdi, bu bolsa bu ulag geçelgesiniň hyzmatdaşlygy berkitmekdäki möhüm ornuny görkezýär.
Adaty bir çarşenbe güni irden Şençžen Baoan halkara howa menzilinde Aşgabada ugradyljak ýükler dokuz sagatlyk uçuş üçin ýüklenýär. Hepdede iki gezek amala aşyrylýan bu hyzmat gyssagly iberilmegi talap edýän harytlary daşamakda eksport edijiler üçin ygtybarly ýol boldy. Bir gün öň howa menziliniň golaýyndaky logistika ammary ýükleri eksporta taýýarlaýar we bu irdenki uçuşlaryň amala aşyrylmagyna mümkinçilik berýän utgaşdyrylan üpjünçilik zynjyrynyň möhüm bölegidir.
AWOT Global Corporation kompaniýasynyň baş direktory Çen Çao: «Bu tapgyr 3 million ýuandan gowrak (takmynan 435 613 ABŞ dollary) bahasy bolan elektron önümleridir. 2023-nji ýylda çarter uçuşlary başlanandan bäri 2025-nji ýylyň ahyryna çenli biz 303 uçuşy amala aşyrdyk — noldan şeýle derejä ýetdik» - diýip, aýtdy.
AWOT Global Corporation kompaniýasynyň satuw boýunça direktory Sýao Szýan «Öňler Türkmenistana iberilýän ýükler esasan awtoulag we demir ýol arkaly daşalýardy, bu bolsa, 12-den 25 güne çenli wagt alýardy we howa şertlerine hem-de portlaryň ýükleniş derejesine baglydy. Indi bolsa göni uçuşlaryň netijesinde ýükler şol günüň özünde baryp ýetip bilýär» - diýip, belledi.
Şençžen Baoan halkara howa menziliniň gümrük işgäri Ma Çao häkimiýet edaralarynyň «akylly howa logistikasyny» ösdürýändigini aýtdy. Munuň üçin intellektual gözegçilik-geçiş nokatlary, howpsuzlyk gulplary we gije-gündiz işleýän resmileşdiriş ulgamlary ulanylýar, bu bolsa ýükleriň üznüksiz hereketini üpjün edýär.