Hytaýyň elektromobilleri dünýäni çalt depginler bilen eýeleýär. Hytaýyň intellektual önümçiligini dünýä awtomobil gurluşygynda öňe saýlanmaga näme zadyň güýçli itergi berýändigi baradaky soragyň jogabyny “Xiaomi” kompaniýasynyň elektromobiller giper-fabrikasyndan (EV HyperFactory) tapyp bolar.
Smartfonlary we durmuş tehnikalary bilen has meşhur bolan tehnologiýa ägirdi 2021-nji ýylda awtomobil bazaryna batyrgaý gadam basdy. Kompaniýa Pekiniň ykdysady we tehnologiki ösüş zolagynda şeýle hem “Beijing E-Town” diýlip hem tanalýan — Hytaýyň sürüjisiz dolandyryş senagatynyň esasy innowasion merkezinde döwrebap zawod gurdy.
Bu ägirt uly kärhanada işçiler örän az: olaryň ýerine robotlaşdyrylan manipulýatorlar awtomobiliň daşky böleklerini uly takyklyk we tizlik bilen gurnaýarlar.
Her bir “Xiaomi SU7” elektromobili önümçilik ugurlarynyň gije-gündiz işleýän şu zawodynda öndürilýär. Täze awtomobil her 76 sekuntdan konweýerden çykýar. Ýokary derejede awtomatlaşdyrylan ugurlarda 700-den gowrak robot sazlaşykly zähmet çekýär. Esasy iş doly awtomatlaşdyrylandyr — bu bolsa täze nesil önümçiliginiň nusgasydyr.
“Xiaomi EV HyperFactory” zawodynyň önümçilik tehnologiýalary boýunça direktory Sun Sýasýan emeli aňyň we awtomatlaşdyrylan işleriň kömegi bilen kärhananyň Hytaýyň täze ýokary hilli önümçilik güýçlerini döretmek ugrundaky işlerde nusga alarlyk derejä ýetendigini belledi.
“Ilki bilen, bu zawodda awtomatlaşdyrmagyň we intellektiň täsin derejesidir. Esasy amallar doly awtomatlaşdyryldy. Biz pudakda ilkinji gezek 99,9% takyklyk bilen işleýän emeli aňa esaslanýan hil gözegçilik ulgamyny ornaşdyrdyk” diýip, — Sun Sýasýan aýtdy.
Robotlar gije-gündizleýin işleýärler we hatda batareýalarynyň zarýadyny saklamak üçin hem işçilere mätäçlik çekmeýärler: zarýady azalanda, olar awtomatiki usulda zarýad beriş stansiýalaryny tapýarlar we zarýad alýarlar. Materiallary ýüklemek we düşürmek işleri hem awtonom mobil robotlar tarapyndan ýerine ýetirilýär, bu bolsa bökdençsiz işlemegini üpjün edýär.
“Zawodda 700-den gowrak senagat roboty gurnaldy. Awtomobiliň daşky görnüşini abatlaýyş sehynda awtomatlaşdyrmagyň umumy derejesi 91%-e deňdir” diýip, Sun Sýasýan belledi.
Awtomatlaşdyrmagyň ýokary derejesi “Xiaomi”-niň üstünliginiň açary boldy: ol önümçilik amallaryny has-da çaltlandyrdy, gurnama işleriniň ýokary takyklygyny üpjün etdi we has ýokary hilli önümleri çykarmaga mümkinçilik berdi.
Direktor muňa mysal hökmünde yzky gapynyň gurnalşyny görkezdi: robotlar ähli amallary — bölekleri awtomatiki usulda tutup almagyndan we nurbatlary goýmagyndan başlap, kuzowany gurnamaga çenli işleri ýerine ýetirýärler. Soňra olar kuzowany we düzüm bölegini barlaýarlar, şol bir wagtyň özünde-de iň az boşluk bilen gabat gelmegi üçin nurbatlary çekýärler we sazlaýarlar. Bu doly awtomatlaşdyrylan iş bolup, adam gatnaşygynyň zerurlygyny aradan aýyrýar diýen ýaly.
“Xiaomi” zawody içerki önümçilik enjamlaryny döwrebaplaşdyrmaga ýardam bermek bilen, emeli aňyň tizligini we mümkinçiliklerini has-da ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär.