2025-nji ýylda hytaý ykdysadyýeti çylşyrymly içerki we halkara ýagdaýlara garamazdan ynamly ösüş gazanyp, durnuklylygynyň hem-de ýaşaýyş ukyplylygynyň nusgasyny görkezdi.
Hytaý Halk Syýasy Konsultatiw Geňeşiniň Ählihytaý Komitetiniň dördünji sessiýasynyň resmi wekili Lýu Szei Pekinde her ýyl geçirilýän mejlisiň açylmagynyň öňüsyrasynda metbugat ýygnagynda çykyş etdi. Resmi maglumatlara görä, ýurduň jemi içerki önümi ýyllyk hasapda 5 göterim ýokarlandy. Umumy önümçilik möçberi 140 trillion ýuandan geçip, takmynan 20,4 trillion ABŞ dollaryna deň boldy. Bu görkezijiler döwleti dünýäniň ykdysady taýdan ikinji uly ýurdunyň ornunda has-da berkidýär.
Lýu Szei geçen ýylyň dowamynda hytaý ykdysadyýetiniň daşarky gurşawyň durnuksyzlygyna garamazdan innowasiýalara esaslanyp işjeň ösdürilendigini belledi. Ylym bilen tehnologiýanyň senagat bilen çuňňur utgaşdyrylmagy möhüm üstünlikleriň gazanylmagyna we täze öndürijilik güýçleriniň çalt ösüşine getirdi. Şeýle-de ýurt dünýäniň iri ykdysadyýetleriniň arasynda ösüş depgini boýunça öňdebaryjy orunlaryny saklap galdy.
Ulgamyň ýaşaýyş ukyplylygy fewral aýyndaky dokuz günlük ýazky dynç alyş döwründe aýratyn aýdyň ýüze çykdy. Taryhda iň uzyn dynç alyş hökmünde atlandyrylan bu döwürde jemgyýetçilik iýmiti, güýmenje hem-de bölek satuw pudaklarynda ep-esli ösüş gazanyldy. Içerki syýahatçylaryň çykdajylary 803,4 milliard ýuandan geçip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 126,4 milliard ýuan köpelendigi Lýu Szei tarapyndan bellenildi.
Ýurduň dinamizmi Bahar baýramçylygy döwründäki kyrk günlük köpçülikleýin gatnaw möwsüminde hem öz beýanyny tapdy. Dünýäde iň uly ýyllyk ilat göçüşi hasaplanýan bu hadysa hereketli Hytaýyň ýokary işjeňligini görkezýär. Bu döwürde sebitleriň arasynda 9,5 milliard ýolagçy gatnawy amala aşyryldy. Bu san dünýä ilatynyň umumy sanyndan hem ýokarydyr.
Lýu Szei 1 milliard 400 million ilaty bolan ýurduň ýaşaýjylaryny ynamyny berkitmäge we bar bolan kynçylyklary ýeňip geçmek üçin öz güýçli taraplaryny netijeli peýdalanmaga çagyrdy. Onuň aýtmagyna görä, hytaý ykdysadyýeti dürli synaglardan üstünlikli geçip, yzygiderli ösýär we has kämilleşýär. Täze çagyryşlara garamazdan, ykdysady binýat berk bolup galýar hem-de uzak möhletleýin ösüş üçin uly mümkinçiliklere eýedir.
Ýurduň syýasy durmuşynda Hytaý Halk Syýasy Konsultatiw Geňeşi möhüm orun eýeleýär. Bu gurama Hytaý Kommunistik partiýasynyň ýolbaşçylygynda köp partiýaly hyzmatdaşlyk üçin meýdança bolup hyzmat edýär. Geňeş döwlet häkimiýet edarasy ýa-da karar kabul edýän gurluş däl, eýsem ähli etniki toparlaryň we jemgyýetçilik gatlaklarynyň wekilleriniň bilelikdäki işini üpjün edýän platformadyr.
Amaly taýdan geňeşiň agzalary hökümet maslahatçysy hökmünde çykyş edip, möhüm jemgyýetçilik meseleleri boýunça teklipleri öňe sürýärler. Olaryň arasynda makroykdysady dolandyryşyň netijeliligini ýokarlandyrmak we döwrebap senagat ulgamyny döretmek boýunça çäreler bar. Şeýle hem ýurduň ýokary hilli ösüşini ilerletmek maksady bilen ýörite barlaglaryň geçirilýändigi we amaly teklipleriň taýýarlanýandygy Lýu Szei tarapyndan aýratyn nygtaldy.