Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin
Duşenbe güni geçirilen söwda sessiýasynyň netijeleri boýunça dünýä nebit bahalary ynamly ösüş görkezdi. Nýu-Ýork haryt biržasynda aprel aýynda iberiljek West Texas Intermediate kysymly nebitiň bahasy 4 dollar 21 sent ýokarlandy. Şeýlelikde, bir barrel nebitiň bahasy 6 göterimden gowrak artyp, 71 dollar 23 sent ABŞ dollaryna deň boldy.
Şoňa meňzeş ösüş Londondaky ICE fýuçers biržasynda hem hasaba alyndy. Maý aýynda iberiljek Demirgazyk deňziniň Brent kysymly nebit garyndysynyň bahasy 4 dollar 87 sent ýokarlandy. Bu bolsa 6,68 göterim ösüşe gabat gelýär. Söwdalaryň netijesinde şu etalon görnüşli nebitiň bir barreli 77 dollar 74 sent derejesinde kesgitlenildi.