Sişenbe güni agşam Hytaýyň demirgazyk-gündogaryndaky meşhur «buzly şäher» Harbin dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde boldy. Ol 2026-njy ýylyň Çyralar baýramyna bagyşlanan giň gerimli gala-konsertiň geçirilen esasy meýdançalarynyň birine öwrüldi.
Tomaşaçylara köpasyrlyk däp-dessurlaryň döwbap öňegidişlikler bilen sazlaşykly utgaşýan haýran galdyryjy maksatnamasy hödürlendi. Hytaýyň media topary tarapyndan guralýan her ýylky şou-maksatnamasy bu ýyl diňe bir Pekindäki esasy sahnany däl, eýsem dört sany goşmaça sebit merkezini hem öz içine aldy. Baýramçylygyň täze ýerlerde geçirilmegi ýurduň tebigatynyň we medeni mirasynyň ähli dürlüligini görkezmäge mümkinçilik berýän ajaýyp däbe öwrüldi.
Harbindan başga-da, ylmy-tehniki innowasiýalaryň merkezine öwrülen Hefeý we gündogar Çžeszýan welaýatyndaky Iu söwda merkezi baýramçylyk meýdançalarynyň hataryna girdi. Şeýle hem dabaraly çäreler Hytaýyň günorta-günbatarynda ýerleşýän, özüniň gadymy binagärligi we Ýanszy derýasynyň boýundaky ajaýyp tebigaty bilen meşhur bolan Ibin şäherinde geçirildi.
Harbin özüniň gaýtalanmajak gözelligini täsirli çykyşlar arkaly görkezdi. Maksatnama lowurdaýan buz heykelleriniň görkezilişini, halk döredijilik çykyşlaryny we innowasion sanly tanyşdyryşlary öz içine aldy. Baýramçylyk şäheriň baý mirasyny we döwrebap döredijilik ruhuny dabaralandyrýan täsirli feýerwerk bilen tamamlandy.
Çyralar baýramy aý senenamasy boýunça birinji aýyň 15-nji gününde bellenilýär we täze ýyl dabaralarynyň tapgyryny resmi taýdan tamamlaýar. Bu gala-konsert ilkinji gezek 1985-nji ýylda görkezildi. Şondan bäri ol her ýyl tomaşaçylara joşgunly aýdymlar, tanslar, gülkili sahnalar we jadygöýlik şoulary ýaly köp sanly göwnaçylykly çykyşlary hödürleýär.
Baýramyň öz taryhy 2 müň ýyldan gowrak döwre uzaýar. Bu wagt adatça doly aýa tomaşa etmäge we «ýuansýao» ýa-da «tanýuan» hökmünde tanalýan, ýelmeşýän tüwiden taýýarlanan milli süýji tagamlaryň dadyp görülmegine bagyşlanýar.