Hytaýyň Söwda ministrliginiň beren maglumatyna görä, 2025-nji ýylda ýurduň hyzmatlar söwdasy durnukly ösüşini dowam etdirip, umumy import we eksport möçberi 8 trillion 80 milliard ýuana (ýagny 1 trillion 160 milliard ABŞ dollaryna) barabar boldy we ýyllyk hasapda 7.4 göterim ösüş görkezdi.
2025-nji ýylda hyzmatlar pudagynyň eksporty 14.2 göterim ýokarlanyp, onuň möçberi 3 trillion 630 milliard ýuana barabar boldy. Importyň möçberi 2.5 göterim artyp, 4 trillion 460 milliard ýuana ýetdi. Bilim taýdan ýokary derejeli hyzmatlaryň söwdasynyň möçberi 3 trillion 90 milliard ýuana ýetip, 6.6 göterim ösüş görkezdi. Bu ugurda söwdanyň möçberi 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 158 milliard 170 million ýuan köpeldi. Esasan hem telekommunikasiýa, kompýuter we maglumat hyzmatlary batly depginde ösüş görkezdi.
Syýahatçylyk hyzmatlarynyň söwdasynyň umumy möçberi 2 trillion 210 milliard ýuana ýetip, 7.6 göterim artdy, eksportyň möçberi ýyllyk hasapda 49.5 göterim köpeldi.
Söwda ministrligi, hyzmatlaryň işjeň ulanylmagy Hytaýyň ykdysady ösüşiniň möhüm hereketlendiriji güýjüne öwrülendigini belledi. 2020–2025-nji ýyllar aralygynda ilatyň adam başyna düşýän hyzmatlar boýunça çykdajylary ortaça ýyllyk hasapda 8.5 göterim artdy we 2025-nji ýylda umumy sarp edijil;igiň 46.1 göterimini düzdi.
Goýberilen resmi maglumatlarda emeli intellekt, önümçilik we beýleki ýokary tehnologiýaly pudaklaryň ösüşi, intellektual eýeçilik hukuklary boýunça hyzmatlaryň eksportynyň artmagyna itergi berendigi bellenýär.