Hytaýyň halkara töleg ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi daşary ýurtly syýahatçylar üçin has oňaýly töleg mümkinçiliklerini döretdi we ýurda gelýän syýahatçylaryň sarp edijiligini artdyrdy. Bu barada hepdäniň penşenbe güni çap edilen Hytaýyň Internet Tory Maglumat Merkeziniň 57-nji statistiki hasabatynda aýdylýar.
2025-nji ýylda onlaýn tölegleriň möçberi ýokary derejede saklanyp, halkara utgaşyklylykda möhüm öňegidişlikler gazanyldy. Hytaýy[ Halk Bankynyň ýolbaşçylygynda 2025-nji ýylyň iýul aýynyň ahyrynda halkara QR-kody arkaly tölegleriň bitewi ulgamy synag hökmünde işe girizildi. Bu ulgam belli bir ýurtlardan gelen syýahatçylara Hytaýda ýerli elektron gapjyklar arkaly QR-kod bilen töleg tölemäge mümkinçilik berýär.
“China UnionPay” kompaniýasy Visa we Mastercard bilen hyzmatdaşlykda “Nihao China” (Salam Hytaý) goşundysyny esasy platforma hökmünde işe girizdi. Bu platforma ulag, myhmanhana we beýleki hyzmatlary öz içine almak bilen onlarça million söwda nokatlaryny birikdirýär hem-de 160-dan gowrak walýutalar boýunça edil häzirki wagtda töleg geçirmäge mümkinçilik berýär.
“Alipay” ulgamynyň halkara görnüşi Aziýa – Ýuwaş ummany sebitindäki 40 sany elektron gapjyklary bilen hyzmatdaşlyk edip, 150 million sany söwda nokatlarynda göni töleg tölemäge mümkinçilik döretdi.
Bilermenleriň bellemegine görä, bu amatlylyklar Hytaýa gelýän syýahatçylaryň sanyny artdyrmaga mümkinçilik berýär. Hytaýyň Halkara Elektron Söwda Merkeziniň baş elektron söwda bilermeni Li Mintaonyň aýtmagyna görä, “tölegler üçin amatly şertleriň döredilmegi daşary ýurtly syýahatçylaryň töleg geçirmeginde döräp biljek päsgelçilikleri aradan aýyrýar we olar üçin Hytaýda göwnejaý we oňaýly mümkinçilikleri döredýär”.