Urugwaýyň Prezidenti Ýamandu Orsi döwlet sapary bilen Hytaýa geldi. Bu sapar iki ýurduň arasyndaky ykdysady we strategik hyzmatdaşlygyň çuňlaşýandygyny görkezýändir diýip, Hytaýyň resmileri aýtdylar.
Prezident Ýamandu Orsiniň bu sapary 3-nji fewralda bellenýän Urugwaý bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 38 ýyllygyna gabat gelýär.
Söwda hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy sütünleriniň biri bolmagynda galýar. Urugwaý üçin mal etiniň eksporty jemi içerki önümiň 3 göterimine golaýyny düzýär we Hytaý bu önümiň esasy bazarlarynyň biridir. Şeýle hem Hytaý kompaniýalary Urugwaýdan soýany we sellýulozany uly möçberde import edýär.
Hytaý 2013-nji ýylda Urugwaýyň iň uly eksport bazaryna öwrüldi we islegleriň yzygiderliligi hem-de söwda kanallarynyň netijeli işlemeginiň hasabyna eksport möçberini saklap gelýär.
Iki ýurduň arasyndaky syýasy gatnaşyklary hem durnukly häsiýete eýe bolup, 2013-nji ýyldan bäri Urugwaýyň prezidentleri Hytaýa saparlary yzygiderli amala aşuryp gelýärler. Seljerijileriň bellemegine görä, Latyn Amerikasy boýunça Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň alyp barýan syýasatyndaky üýtgeşmeler esasynda Urugwaýyň Hytaý bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirmeginiň aýratyn strategik ähmiýeti bardyr.